Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Berliniň Boýt adyndaky Amaly ylymlaryň tehniki uniwersitetiniň professory Boris Reznik bilen onlaýn duşuşyk geçirildi.
Institutyň ýol-gurluşyk fakultetiniň mugalymlary we talyplary üçin germaniýaly professor giň mazmunly okuw-amaly sapagyny geçdi. Türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekilleri “Ulag kommunikasiýalar ulgamynda emeli neýron torlary peýdalanmagyň nazaryýeti” diýen tema boýunça umumy sapagy diňlediler.
Şeýle çäreler institutda göni we onlaýn görnüşde yzygiderli esasda guralyp durýar. Geçen ýylyň oktýabrynda Aşgabada bolan saparynyň dowamynda Boris Reznigiň hut özi binagärlik-gurluşyk ýokary okuw mekdebinde bolup gördi, institutyň wekilleriniň Berliniň uniwersitetiniň professory bilen onlaýn duşuşyklary her aýda geçirilýär.
Şol duşuşyklaryň çäklerinde dürli temalara degişli umumy sapaklar diňlenilýär, ylym we bilim ugry boýunça bilelikde işlemegiň oňyn meýilnamalary hem-de iki ýokary okuw mekdebiň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşylýar, tejribe we täze bilimler alşylýar.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Boýt adyndaky Amaly ylymlaryň tehniki uniwersitetiniň özara gatnaşyklary 2015-nji ýyldan bäri netijeli dowam edýär.
Türkmen ýokary okuw mekdebi ylym we bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär. Geçen aýda instituta italiýaly binagär, bütin dünýä meşhur “Foscarini” kärhanasynyň utgaşdyryjysy Matteo Urbinatiniň gelendigini ýatlamak isleýäris. Ol ýokary mekdepde guralan Italýan dizaýnynyň hepdeligine gatnaşmaga çagyrylypdy.
Duşuşygyň dowamynda binagärligi, şähergurluşygyny we binagärlik gurşawynyň taslamasyny düzmegi öwrenýän türkmen talyplary üçin italiýaly myhman “Yşyklandyrmagyň hili, dizaýnyň adama we daşky gurşawa täsiri” diýen tema boýunça umumy sapak geçdi.
Italiýanyň iri tehniki ýokary okuw mekdebi – Milanyň politehniki uniwersitetiniň Özara düşünişmek hakynda bilelikdäki ähtnama baglaşylan 2019-njy ýyldan bäri, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hyzmatdaşy bolup durýandygyny bellemek gerek.