Ï Bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap

view-icon 4140

Geçen hepdede ýurdumyzda halkymyzyň jebisligini, häzirki nesliň pederlerimiziň ruhy gymmatlyklaryna ygrarlydygyny alamatlandyran Türkmen bedewiniň milli baýramy dabaraly ýagdaýda bellenildi. Halkymyzyň buýsanjy, milli baýlygy, ýurdumyzyň Döwlet tugrasynyň bezegi bolan şöhratly bedewlerimiz häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ägirt uly üstünlikleri gazanýan Watanymyzyň döredijilik kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyzyň 24-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gowaça ekişiniň, bugdaýa, ýazlyk ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen birlikde, pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany doly berjaý etmek, ekin meýdanlarynda zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyny gözegçilikde saklamak babatda aýry-aýry tabşyryklar berildi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde alnyp barylmagyny hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

28-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meseleleriniň birnäçesine garaldy.

2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny işläp düzmek şol meseleleriň hatarynda boldy. Döwlet Baştutanymyz geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy işlenip taýýarlanylanda, ýurdumyzyň durnukly makroykdysady ýagdaýyny saklamak, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny okgunly ösdürmek ýaly wajyp wezipelerden ugur alynmalydygyny nygtady.

Şeýle hem mejlisiň dowamynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalary, senagat we gurluşyk toplumynyň beýleki önümçilik kärhanalaryny taslama kuwwatlyklaryna çykarmak, ýurdumyzyň energetika pudagynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy. “Ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris” diýen şygar astynda geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny işläp taýýarlamak, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň tertibi barada habar berildi.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmak we atşynaslyk sungatyny ösdürmek hem-de Ýer ýüzünde atşynaslaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, assosiasiýanyň agzalarynyň sanyny artdyrmak, öňdebaryjy tejribeleri atçylyk pudagyna giňden ornaşdyrmak maksady bilen, şeýle hem assosiasiýanyň Müdiriýetiniň teswirnamasyna laýyklykda, assosiasiýanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kararlara gol çekdi. Resminamalara laýyklykda, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň degişli raýatlaryny kabul etmek, şeýle hem Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ХIV mejlisini 2024-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde geçirmek bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama”, şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy, şeýle hem Maksatnamany amala aşyrmak boýunça pudagara utgaşdyryjy topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Ýokarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda geçen hepdede Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenilip geçildi. 26-njy aprelde paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIII mejlisi geçirildi. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda atçylyk pudagyny ösdürmek, onuň özboluşly däplerini gorap saklamak, gözellikde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleriniň dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrmak boýunça uly işleriň amala aşyrylýandygy bellenildi.

Ýurdumyzda döwrebap atçylyk sport toplumlary, ugurdaş ylmy-okuw merkezleri gurlup ulanmaga berilýär, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş we iş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar, atçylyk pudagy üçin ýaş hünärmenler taýýarlanylýar. Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy hem-de Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi döredildi. Türkmen halkynyň atçylyk pudagynda toplan baý tejribesi häzirki wagtda täze tehnologiýalar bilen utgaşdyrylyp, netijeli ulanylýar. Ahalteke bedewleriniň dünýä atşynaslygynyň kemala gelmeginde ägirt uly orny bardyr we bu täsin hem-de özboluşly tohum atlary ylmy taýdan çuňňur öwrenilmäge mynasypdyr.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň atşynaslaryna we daşary ýurtly raýatlara “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakynda Permanlary okaldy. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Müdiriýetiniň çözgüdine laýyklykda, onuň düzümine täze agzalar kabul edildi.

Foruma gabatlanyp guralan sergide şekillendiriş, amaly-haşam, halyçylyk we zergärçilik sungatynyň eserleri, behişdi bedewlere bagyşlanan fotosuratlar görkezildi.

27-nji aprelde Daşoguz welaýatynyň durky täzelenen atçylyk sport toplumynda ýurdumyzyň welaýatlarynda gezekli-gezegine guralýan at çapyşyklarynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýle hem bu ýerde behişdi bedewlerimize bagyşlanyp, sungat ussatlarynyň baýramçylyk mynasybetli taýýarlan çykyşlary, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergileri guraldy.

Bu ýerde welaýatlardan we Aşgabat şäherinden ýetginjek hem-de halypa çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda geçirilen at çapyşyklarynda ajaýyp bedewler özleriniň ýyndamlygyny görkezdiler. Jemleýji çapyşykda halypa çapyksuwarlar bije atylyp saýlanan bedewlerde Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy — “Toyota Land Cruiser” ýeňil awtoulagyny almak ugrunda ýaryşdylar. Baýramçylyk at çapyşyklarynda ýeňiji bolanlara dabaraly ýagdaýda degişli baýraklar we sowgatlar gowşuryldy.

29-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ak bugdaý etrabynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toplumynyň açylyşy, şeýle hem “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Gadymy türkmen obasynyň durmuş ýörelgelerini açyp görkezýän, baýramçylyk görnüşinde bezelen ak öýler, bagşylaryň çykyşlary, milli oýunlar we senetçi ussalaryň çeper işleri, türkmen pälwanlarynyň göreşleri, çapyksuwarlaryň behişdi bedewlere atlanyp, olara erk etmegiň dürli usullaryny görkezmekleri we hödür edilen milli tagamlar hemmeleriň şatlygyna şatlyk goşup, dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary öz eserlerinde ahalteke bedewleriniň ajaýyp keşplerini şekillendiripdirler, türkmen halkyna mahsus toý-dabaralary beýan edipdirler.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy toplumyň çäginde döredilen şertler bilen tanyşlygyň barşynda, ilki bilen, toplumyň atçylyk toparynyň binasyna baryp gördi. Bu ýerde ýaş harby gullukçylaryň amatly dynç almaklary üçin okuw otaglary we naharhana döredilipdir. 40 gektarlyk toplumyň çäginde edara we VIP binalary, açyk manež, höwür we çapuw atlara, taýlara ideg etmäge niýetlenen 500 at üçin athanalar, tehniki desgalar, çapuw ýodasy, 100 orunlyk tomaşaçylar münberi, awtoduralga we beýlekiler bar. Täze atçylyk toplumy döwrüň ýokary talaplaryna doly laýyk gelýär we bedewleri ýetişdirmek, olara tälim bermek, çapyşyklara taýýarlamak üçin ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilendir.

Şol gün açyk manežde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary özüniň ajaýyp çykyşlaryny görkezdi.

Ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň, ähli atşynaslaryň, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan döwlet Baştutanymyza ajaýyp ahalteke bedewleri sowgat berildi. Hormatly Prezidentimiz dabaralara gatnaşýan welaýatlaryň hormatly ýaşulularyna, behişdi bedewleriň şöhratly taryhynyň mynasyp dowam etdirilmegine uly goşant goşýan ähli atşynaslara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Asylly däbe görä, döwlet Baştutanymyz ynsan bilen bedewiň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň başlanýandygynyň we gorag nyşany hökmünde Akganat atly bedewiň boýnuna käbesi Ogulgerek ejäniň ören alajasyny dakdy. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryň Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen mynasyp dowam etdirilýändiginiň beýanyna öwrüldi.

Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň atly toparlarynyň dabaraly ýörişinden soňra, täze atçylyk toplumynyň açylmagy mynasybetli çapuw ýodalarynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň halypa çapyksuwarlarynyň arasynda ýaryşlar geçirildi. Ýeňijä hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan baş baýrak — “Toyota Сamry” kysymly awtoulagyň açary gowşuryldy.

Baýramçylyk dabarasynyň iň ýatda galyjy pursatlarynyň biri hem “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. “2023-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli, şöhratly Gyrsakaryň nesil ugrundan, Garaşsyz hem-de Sülgün atly bedewleriň nesli bolan, 2015-nji ýylda doglan ajaýyp Goşasakar atly bedew ykrar edildi. Onuň seýsine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan baş baýrak — “Toyota Fortuner SR 5” kysymly awtoulagyň açary, göçme kubok we diplom dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň adyndan şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda türkmen bedewiniň keşbini çeper beýan etmek boýunça geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toplumynyň açylmagy mynasybetli goranmak ministrine sowgat hökmünde awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy hem-de harby gullukçylaryň Watanymyza, harby kasama wepalylygyň belent nusgasyny görkezip, öz üstlerine ýüklenen jogapkärli borjy mynasyp berjaý etmek üçin gujur-gaýratyny, bilimlerini we başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna berk ynam bildirdi.

30-njy aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar.

Bagşy-sazandalaryň, estrada aýdymçylarynyň we tans toparlarynyň çykyşlary, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, sportuň milli görnüşleri boýunça guralan ýaryşlar toplumyň çäginde ýaýbaňlandyrylan dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Şeýle hem bu ýerde heýkeltaraşlaryň, ussat halyçylaryň, suratkeşleriň, beýleki döredijilik işgärleriniň Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli döwlet derejesinde geçirilen bäsleşige hödürlän eserleri görkezildi.

Ýurdumyzyň halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň baýraklary ugrunda dürli aralyklara geçirilen çapyşyklaryň dowamynda ähli päsgelçilikleri ýeňip geçýän bedewler çeýeligini, ýyndamlygyny hem-de ýeňşe bolan berk erkini görkezdiler. At çapyşyklarynyň ýeňijileriniň ählisine sowgatlar, pul baýraklary we diplomlar gowşuryldy. Jemleýji çapyşygyň ýeňijisine bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň göçme kubogy we “Akhan” baýragy gowşuryldy.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeginde geçirildi. Olaryň maksatnamasynyň çäklerinde konsertler, sergiler, edebi-sazly, şahyrana çykyşlar, atşynaslary we seýisleri sylaglamak çäreleri guraldy.

Geçen hepdede türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Germaniýa Federatiw Respublikasynda saparda boldy. Saparyň çäklerinde türkmen-german gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilen duşuşyklar geçirildi. Olarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň, özara tejribe alyşmagyň meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Gahryman Arkadagymyz saparyň dowamynda Germaniýanyň Atçylyk toplumynda bolup, onda idedilýän atlaryň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşdy we ýurdumyzda şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň, seýislemegiň milli usullary barada gürrüň berdi. Şunda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň, atçylyk pudagynyň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere üns berildi.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň ýolbaşçylary we hünärmenleri bilen söhbetdeşligiň dowamynda ahalteke bedewleriniň beden gurluşynyň özboluşly aýratynlyklary barada gürrüň berdi we häzirki wagtda bedewleriň ahalteke tohumynyň dörän ýerinde täze şäheriň gurlandygyny belledi. Onuň merkezinde ady rowaýata öwrülen — dünýä rekordyny goýan Akhan atly bedewiň heýkeli oturdyldy. Täze şäherde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň hem-de Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň gurulmagy ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly meselelere ýurdumyzda aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri şular barada aýtmak bilen, germaniýaly atşynaslary Türkmenistanyň ajaýyp künjekleriniň birinde berkarar bolan Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli guraljak dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.

Gahryman Arkadagymyz atçylyk toplumynyň ýolbaşçylaryna özüniň behişdi bedewlere bagyşlan kitaplaryny sowgat bermek bilen, bu eserlerde ahalteke bedewleriniň taryhyna, olaryň gelip çykyşyna, bedewleri at çapyşyklaryna taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işlere degişli hem-de türkmen seýisleriniň bedewleri taýýarlamak boýunça taryhyň dowamynda toplan tejribesi barada giňişleýin maglumatlaryň getirilýändigini belledi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça geçirilen halkara göçme forum geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda boldy. Foruma ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edaralarynyň, daşary ýurtlaryň meşhur nebitgaz, işewürlik düzümleriniň, maliýe institutlarynyň, abraýly halkara guramalaryň, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, bu ugurda ýöriteleşen bilermenler gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz Gutlagynda tebigy gazyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, olaryň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, gazy gaýtadan işlemek we gazhimiýa ulgamyna maýa goýumlary çekmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, nebitgaz senagatynyň täze önümçiliklerini gurmak we olaryň daşky gurşawa täsirini azaltmak meseleleri barada netijeli pikir alyşmak, teklipleri öwrenmek üçin bu forumyň ajaýyp meýdança öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Göçme maýa goýum forumynyň çäklerinde geçirilen iki günlük halkara maslahatyň gün tertibine baý tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, energetika bazarlarynyň ösüşi, Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz toplumlaryny özleşdirmäge degişli taslamalara maýa goýumlary çekmek, “Galkynyş” gaz käninde öndürijiligi ýokarlandyrmak babatda özara hereketleriň täze gurallary, ekologik taýdan howpsuz önümçilikleri ornaşdyrmak, pudaga täze tehnologiýalary we nou-haulary çekmek ýaly möhüm meseleler girizildi. Dünýäniň dürli ugurdaş kompaniýalarynyň wekilleri prezentasiýalar bilen çykyş etdiler, toplan tejribelerini paýlaşdylar we täze ylmy işläp taýýarlamalary, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda täzeçil taslamalaryny görkezdiler.

Geçen hepdede “Türkmenhowaýollary” agentliginiň howa flotunyň üsti ikinji «Airbus A330-200P2F» kysymly ýük uçary bilen ýetirildi. “Türkmenhowaýollary” agentligi Merkezi Aziýada ilkinji bolup, “Airbus A330-200P2F” kysymly uçarlary satyn aldy. Bu ýük uçarlary dürli möçberdäki ýükleri uzak aralyklara daşamak üçin niýetlenendir.

Uçarlaryň uçuş uzaklygy 13 müň kilometrden gowrak bolup, 60 tonna çenli ýük daşamak mümkinçiligine eýedir. Uçaryň elektron enjamlaşdyrylyşynda iň öňdebaryjy işläp taýýarlamalar peýdalanylandyr. “Airbus A330-200P2F” ýük uçarlarynyň uçarmanlary we olara tehniki hyzmat etmek boýunça hünärmenler Singapurda we Fransiýada gaýtadan taýýarlyk geçdiler.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary milli däplerine ygrarly bolan Türkmenistanyň häzirki günde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bedew bady bilen okgunly ösýändiginiň we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli maksatnamalarydyr taslamalary üstünlikli amala aşyrýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.