Türkmenistanyň döwlet energetika institutynda golaýlap gelýän goşa baýram - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin ders olimpiadalary geçiriler.
Institut Türkmenistanyň taryhy, Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary we Maglumatlary goramagyň kriptografiki usullary ýaly üç ugurdan olimpiada geçirýär. Olimpiadalar degişlilikde 10, 11 we 12-nji maýda geçiriler.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda akyl-paýhas bäsleşikleri onlaýn görnüşde geçiriler. Düzgüne laýyklykda, bäsleşiklere ýokary okuw mekdepleriniň hersinden 5 talyp gatnaşar. Olimpiadalar synag görnüşinde geçiriler. Üç olimpiadanyň hersine gatnaşyjylar ýaryş ugurlaryna görä taýýarlanan 50 sowala jogap bermelidirler. Her dogry jogaba 2 utuk berler. Has köp utuk gazananlar baýrakly orunlara mynasyp bolarlar. Talyplar olimpiadalarynda ýeňiş gazananlar we baýrakly orunlary eýelänler degişli derejeli diplomlary bilen sylaglanarlar.
Ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň ählisiniň wekilleriniň aň-paýhas bäsleşiklerine gatnaşmagyna garaşylýar, olimpiadalara gatnaşmagy olara başarnygyny we zehinini, dersler boýunça bilimini hem-de taýýarlygyny görkezmäge amatly pursat bolar.
Ýaşlaryň mundan beýlägem milli medeniýeti, taryhy öwrenmäge we wagyz etmäge höwesini ösdürmäge islegini artdyrmak, ýaş nesliň arasynda belent watanperwerlik düşünjesini, Watana wepalylyk, raýatlyk borjuny we konstitusiýa borçlaryny ýerine ýetirmäge taýýarlyk duýgusyny kemala getirmek – bäsleşikleriň esasy maksatlarydyr.
Dersler boýunça olimpiadalaryň geçirilmegi ylym, bilim, şol sanda sanly özgertmeler jähtinden ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, şeýle hem talyplaryň bilim we ukyp derejesini ýokarlandyrmaga hem-de olara baha bermäge, hemmetaraplaýyn bilimli-düşünjeli, başarnykly, zehinli, innowasiýa tehnologiýalaryny üstünlikli ulanmaga, giňişleýin pikirlenmäge we öňde goýlan wezipeleri özbaşdak çözmäge ukyply işeňňir ýaşlary ýüze çykarmaga gönükdirilendir.
Olimpiadalar Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek konsepsiýasyny hem-de Jemgyýetçilik we ynsanperwer ylymlary ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde guralýar.