Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň «Kitap – paýhas çeşmesi» atly kitap klubunyň çäginde Durnukly ösüş maksatlary boýunça duşuşyklar dowam edýär.
BMG-niň Aşgabatdaky binasynda bolup geçen nobatdaky duşuşyk «Ähli zady öz içine alýan adalatly ýokary hilli bilimi üpjün etmek we hemmeler üçin ömürboýy okamak mümkinçiligini ösdürmek» atly DÖM 4-üň durmuşa geçirilmegine bagyşlandy.
Duşuşyga D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary gatnaşdylar.
Türkmenistandaky BMGÖM-iň hünärmenleri sanly bilim, tehnologiýanyň jemgyýetiň durmuşyndaky orny ýaly mowzuklary düşündirdiler. Şeýle hem, talyplar BMGÖM-iň bu ugurda alyp barýan işleri bilen tanyşdylar.
Bilim almak adamlaryň durmuşynyň durmuş-ykdysady şertlerini gowulaşdyrmak üçin esas döredýär. Soňky on ýylyň dowamynda ähli derejelerde, esasanam, gyzlar üçin bilim almak we mekdep okuwynyň geriminiň giňeldilmeginde ep-esli ösüş gazanyldy.
Indiki duşuşyk iýun aýynda geçiriler we howanyň üýtgemegi hem daşky gurşawy goramak boýunça DÖM 13-üň durmuşa geçirilme meselesini gozgar.