Ï Bir goşgynyň teswiri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bir goşgynyň teswiri

view-icon 4296
Bir goşgynyň teswiri

- şeýle ady bilen Türkmen döwlet medeniýet instituty Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly duşuşyk geçiridi.

Gyzykly we täsirli duşuşyk Magtymguly Pyragynyň döredijiligne, şahyryň ajaýyp eserlerine bagyşlandy. Duşuşygyň maksatnamasy üç bölümden ybaratdy. Birinji bölüminde akyldar şahyryň käbir goşgularyny ara alnyp maslahatlaşyldy. Ara alnyp maslahatlaşylan eserleriň mazmuny barada sorag-jogap alşyldy we olara jikme-jik düşündirişler berildi.

Soňra çäräniň «Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp...» atly ikinji bölümi oňa gatnaşyjylara çekişmeleri ösdürip, awtoryň şahyrana setirleriniň gizlin manysyny ara alyp maslahatlaşmaga, olaryň manysyna özüçe düşündiriş bermäge we şahsy pikirlerini delillendirmäge mümkinçilik döretdi.

Duşuşygyň üçünji tapgyry «Magtyguly Pyragy – çeper söz ussady» diýlip atlandyrylypdyr. Onda şahyryň käbir goşgularynyň mysalynda dürli keşpleri döretmek üçin ulanylan çeperçilik serişdeleri derňeldi.

Işjeň we gyzykly geçen duşuşykda oňa gatnaşyjylar Magtymgulynyň liriki eserleriniň gurluşy, çeper özboluşlylygy we üýtgeşikligi, şahyrana söz baýlygy barada täze düşünje aldylar. Awtoryň goşgularynyň duýgulara täsirli setirleriniň çuň manysyna, olardaky belent we paýhasly pikirlerdir ideýalara aň ýetiren gatnaşyjylarda döredijilik duşuşygy ýatdan çykmajak täsir we duýgular döretdi.

Söhbetdeşliklerde has tapawutlanan talyplara Türkmen döwlet medeniýet institutynyň diplomlary gowşuryldy.

Çäre beýik şahyr, türkmen nusgawy edebiýatyny esaslandyryjy Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny öwrenmek we giňden wagyz etmek maksady bilen geçirildi, onuň döredilijiligi hemişe tükeniksiz ylham, ahlak, watanperwerlik, edermenlik çeşmesidir, ösüp gelýän ýaş nesil üçin görelde mekdebidir.