Ï Türkmenistanda “Soňky jaň” mynasybetli dabaralar geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda “Soňky jaň” mynasybetli dabaralar geçirildi

view-icon 12832
Türkmenistanda “Soňky jaň” mynasybetli dabaralar geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirildi. Bu nurana baýram soňky jaňyň kakylmagy bilen ýaş oglanlaryň we gyzlaryň on müňlerçesiniň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara beslendi.

Uçurymlar üçin mekdep bilen hoşlaşmak tolgundyryjy pursatlara, joşgunly we şatlykly wakalara utgaşmak bilen birlikde, özbaşdak durmuşa gadam basylýandygyny, beýik ynamdan ruhlanyp, täze açyşlara giň ýol açylýandygyny alamatlandyrýar. Okuw ýyllarynyň dowamynda ýaşlar ähli ugurlarda kämilleşmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjek köptaraply bilim aldylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýaş nesilleriň saglygy, terbiýesi, bilimi, ýokary intellektual mümkinçilikleri baradaky aladany esasy ugur edinýän durmuş syýasaty netijesinde, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmaga ukyply ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin olara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, daşary ýurt döwletleriniň bilim edaralarynda hem bilimlerini dowam etmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Häzirki döwürde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda pugta binýady bolan milli bilim ulgamy döredildi. Oňa täzeçil usullar işjeň ornaşdyrylýar, okuw maksatnamalary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, okuw kitaplarydyr gollanmalar many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň dürli pudaklarynda ýaş hünärmenleriň hemmetaraplaýyn bilimli bolmagyna we täzeçil tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarmaklaryna möhüm üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak üçin milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady maksatnamalaýyn esasda pugtalandyrylýar. Meýilnamalary amala aşyrmak, Aziýa, Ýewropa we Amerika yklymlarynyň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri bilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ähli şertler döredilýär.

...Asylly däbe görä, ir bilen mekdepleriň göreldeli uçurymlary, ökde okuwçylar, şeýle hem bilim ulgamynyň işgärleri Watanymyzyň iň täze taryhynyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül desselerini goýdular.

Dürli sport ýaryşlaryna gatnaşan, ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolan hem-de döredijilik bilen meşgullanyp has tapawutlanan okuwçylara hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Soňra ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde dürli dabaralar geçirildi. Çagalaryň, ene-atalaryň, mugallymlaryň we halypalaryň adyna minnetdarlyk sözleri, arzuwlar aýdyldy. Beden taýdan sagdyn, ruhubelent, zehinli, giň dünýägaraýyşly uçurymlary ýetişdiren mugallymlar aýratyn üns bilen gurşalyp alyndy. Bu ajaýyp gün ýaşlygyň, bilimiň we asylly maksatlaryň nurana baýramy hökmünde oglan-gyzlaryň hakydasynda hemişelik galar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna iberen Gutlagynda ýaşlaryň ajaýyp arzuwlara, belent maksatlara beslenen durmuş ýolunda täze menzilleriň başlanýandygyny alamatlandyrýan “Soňky jaň” dabarasy mynasybetli gutlag sözleri aýdylýar. Şeýle hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda şanly dabara bagyşlanan çäreleriň bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny, güýç-gaýratyny eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirjek bagtyýar ýaşlarda ýokary watansöýüjilik joşgunyny döretjekdigine pugta ynam bildirilýär. “Bagtyýar we abadan durmuşyň bähbidine okamak, öwrenmek, döretmek, gurmak bagtyýar nesillerimiziň baş maksady bolmalydyr. Ýaşlarymyz ylymlaryny we bilimlerini ilimiziň baky bagtyýarlygyna, Watanymyzyň beýik geljegine, dünýädäki abraý-mertebämiziň has-da belende galmagyna bagyş etmelidirler” diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler hem-de ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek baradaky ägirt uly aladalary, işlemäge we okamaga, ýokary bilimli, täzeçil pikirlenýän, maksada okgunly ýaş nesilleriň kemala gelmegine, olaryň ukyp-başarnyklarynyň, döredijilik mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna hemme şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Häzirki döwürde Diýarymyzyň bilim ulgamy örän uly ösüşe eýe boldy. Her ýyl diňe bir şäherlerde däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde-de döwrebap kompýuterler, okuw-tehniki enjamlar, multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen okuw mekdepler açylyp ulanmaga berilýär. Bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär, okuw işine täzeçillikler girizilýär — on iki ýyllyk umumybilim ugruna geçildi, dersleriň sanawynda ykdysadyýetiň esaslary, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, modelirleme we grafika, maglumat-aragatnaşyk we innowasion tehnologiýalar, daşary ýurt dilleri ýaly dersler girizildi we ýaşlaryň täze, döwrebap bilimleri özleşdirmekleri üçin mümkinçilikler artdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, milli we halkara derejeli ders bäsleşikleriniň ýeňijileriniň sany ýylsaýyn artýar, ynsanperwer hyzmatdaşlyk giňeldilýär, ýaş türkmenistanlylar sportda we döredijilikde ýokary netijeleri gazanýarlar.

Ähli geljekki alymlary, şahyrlary, lukmanlary, inženerleri, gurluşykçylary, ýokary tehnologiýalary döredijileri we beýlekileri Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň mundan beýläk-de yzygiderli ösmegine we rowaçlanmagyna, onuň kuwwatyny, şöhratyny artdyrmaga mynasyp goşant goşmak baradaky belent maksat birleşdirýär.

...“Soňky jaň” dabarasy uçurymlaryň kalbynda hemişe aýratyn tolgunma döredýär. Şol gün uçurymlar mekdep bilen, mugallymlary, çagalyk dünýäsi bilen hoşlaşýarlar, mugallymlara hem-de ene-atalaryna hoşallyk bildirýärler. Täze okuw ýylynda mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätlemäge taýýarlanýan körpelere bilimler dünýäsine gadam urmagyň özboluşly nyşanyny gowşurýarlar.

“Soňky jaň” mynasybetli guralýan dabaralar Watanymyzyň ýüregi, syýasy, işewürlik, jemgyýetçilik we medeni durmuşynyň merkezi bolan Aşgabat şäheriniň güni bilen gabat gelýär. Ak mermerli paýtagtymyzda bu gün goşa baýram — ulularyň we ýaşlygyň nurana baýramynyň şatlygy dabaralanýar.

Agşam baýramçylyk dabaralary Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde bolsa sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Artistler aýdymlaryny ajaýyp paýtagtymyza, Watanymyza, halkymyza hem-de mekdep ýyllaryna bolan söýgä bagyşladylar. Horeografik, folklor toparlary, ýaş aýdymçylar tomaşaçylary öz çykyşlary bilen begendirdiler.

Şu gün orta mekdepleriň uçurymlarynyň hormatyna dürli medeni-köpçülikleýin çäreler Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda-da geçirildi.