Ï Türkmenistanyň maliýe instituty iki olimpiadanyň jemlerini jemledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň maliýe instituty iki olimpiadanyň jemlerini jemledi

view-icon 5659
Türkmenistanyň maliýe instituty iki olimpiadanyň jemlerini jemledi

Türkmen döwlet maliýe institutynyň ýurdumyzyň orta hünärmen okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçiren ykdysadyýet we ekologiýa boýunça internet olimpiadalarynyň ýeňijileri hem-de baýrakly orunlay eýelänler mälim etdi.

Olimpiadalar şahsy we toparlaýyn görnüşde geçirildi, oňa hünärmen okuw mekdepleriniň üçüsinden 60 wekil gatnaşdy.

Olimpiadanyň ykdysadyýet boýunça şahsy bäsleşiginde ýeňijileriň üçüsi kesgitlenildi, olar Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň okuwçylary – Mahym Ýusupowa, Göwher Hallyýewa we Ogulgerek Hojamyradowadyr.

Ikinji orny şol hünärmen mekdebiniň dört okuwçysy we Aşgabadyň maliýe-ykdysady orta hünärmen okuw mekdebiniň bir okuwçysy eýeledi.

9 üçünji ýeriň 5-si maliýe-ykdysady orta hünärmen okuw mekdebiniň okuwçylaryna, 4-si Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň wekillerine berildi.

Ykdysadyýet boýunça olimpiadanyň toparlaýyn bäsleşiginde Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň okuwçylary öňe saýlandylar. Ikinji we üçünji orunlary degişlilikde Aşgabadyň maliýe-ykdysady orta hünärmen okuw mekdebiniň hem-de Söwda-kooperatiw mekdebiniň okuwçylary eýelediler.

Ekologiýa olimpiadasynyň netijelerine görä iki okuwçy – Ýazgül Amanowa (Söwda-kooperatiw mekdebi) we Oraznabat Agamyradowa (maliýe-ykdysady orta hünärmen okuw mekdebi) ýeňiji diýlip yglan edildi.

Üç okuw mekdebiniň wekilleri ýaryşda 5 ikinji we 7 üçünji orny deň derejede diýen ýaly paýlaşdylar.

Toparlaýyn bäsleşikleriň netijelerine laýyklykda: I ýere – Türkmenistanyň Söwda we Daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebi, II orna – Aşgabadyň maliýe-ykdysady orta hünärmen okuw mekdebi we III ýere - Türkmenistan Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebi mynasyp boldular.

Olimpiadanyň ýeňijileri we baýrakly orunlary eýelänler Türkmen döwlet maliýe institutynyň degişli derejeli diplomlary bilen sylaglandy. Olimpiadalara okuwçylary taýýarlamaga gatnaşan orta hünärmen okuw mekdepleriniň mugallymlaryna Hormat hatlary gowşuryldy.

Ýurdumyzyň maliýe instituty ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we orta hünärmen okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda dürli dersler boýunça olimpiadalary yzygiderli geçirýär. Has zehinli we başarnykly okuwçylary ýüze çykarmak, ýaşlaryň okuw-bilime we dürli ylymlary öwrenmäge islegini höweslendirmek, geljekde milli ykdysadyýetimizň ösüşine mynasyp goşant goşjak kärine ussat hünärmenleri taýýarlamak akyl-paýhas bäsleşiklerini geçirmegiň esasy maksatlary bolup durýar.