Ï Abadançylygyň we ösüşiň täze sepgitlerine tarap
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Abadançylygyň we ösüşiň täze sepgitlerine tarap

view-icon 3962

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiziň giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy abadançylygyň we ösüşiň täze sepgitlerine tarap ilerletmäge gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

22-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz dowam edýän oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirilmelidigini nygtap, gowaça we bugdaýa ideg işleriniň depginleriniň güýçlendirilmegini, galla oragyna talabalaýyk taýýarlyk görülmegini tabşyrdy. Şeýle hem welaýat häkimlerine ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşyny hem-de “Soňky jaň” dabarasyny geçirmäge taýýarlyk işlerini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

24-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkiny kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen-rus dialogynyň ýokary derejedäki özara saparlaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklaryň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleri guramagyň we parlamentara hyzmatdaşlygyň hasabyna okgunly ösdürilýändigi bellenildi.

Söwda-ykdysady ulgam hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, köp ýyllaryň dowamynda Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Nebitgaz pudagynda, şeýle hem awtoulag senagaty, gämigurluşyk, awiasiýa ulagy, gazhimiýa ýaly ulgamlarda oňat netijeler gazanyldy. Bilim, ylym, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky gatnaşyklara aýratyn orun degişlidir.

24-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlony kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşykda köpugurly türkmen-britan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy. Energetika, maliýe, bank hyzmatlary, ätiýaçlandyryş, “ýaşyl” tehnologiýalar we oba hojalyk ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Medeniýet, bilim, sungat we döredijilik ulgamlarynda hem hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Mejlisinde Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kipros Ýorgallisden ynanç haty kabul edildi. Söhbetdeşligiň dowamynda dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we işi bilen tanyşdyryldy. Diplomat öz ýurdunyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ugurlaryň giň gerimi boýunça işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtap, özara bähbitlere laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

26-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hususan-da, Arkadag şäheriniň ýerli býujetini düzmek boýunça alnyp barlan işler, nebit guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynyň öndürýän önümleriniň möçberini artdyrmak, ykdysadyýetde döwlete dahylly bolmadyk bölegiň ornuny ýokarlandyrmak, obasenagat toplumyny okgunly ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Şeýle hem daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň 5-6-njy iýunda Gruziýanyň Tbilisi şäherinde geçiriljek nobatdaky mejlisine, şeýle hem Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-latwiýa iş toparynyň 12 — 16-njy iýunda Latwiýa Respublikasynda geçiriljek nobatdaky mejlisine türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen bagly taýýarlyk işleri geçirilýär. Mundan başga-da, iýun aýynda durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryny, şeýle hem 3-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä welosiped güni, 5-nji iýunda bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, 12-nji iýunda bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

13 — 16-njy iýunda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza — 2023” atly halkara tans we folklor festiwaly hem-de “Folklor döredijiliginiň we halk tansynyň dessurlary” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler. 22 — 27-nji iýunda Medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçiriler, 28-29-30-njy iýunda bolsa ýurdumyzda Gurban baýramy belleniler.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 2-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 9-njy iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi, şeýle hem Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzümlerini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly Karara gol çekdi.

22-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisini geçirdi. Gün tertibine laýyklykda, mejlisiň dowamynda ýerlerde Ýaşulular geňeşiniň alyp barýan işleri barada pikir alşyldy, öňümizde duran döwlet ähmiýetli çärelere, hususan-da, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görmek, şeýle hem ýakyn günlerde galla ýygnamaga girişmek hem-de obadyr şäherleriň ýagdaýlary, geljek üçin öňde durýan wezipeler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly ýaşulularyň gaznanyň işine berýän goldawyny belläp, ýakyn günlerde Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem işine ak pata beriljekdigini aýtdy. Munuň özi hemaýata mätäç çagalara kömek etmek boýunça giň gerimli işleri ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berer. Bu ugurda maksatlaýyn işler barha giň gerime eýe bolar. Munuň üçin döwletimiziň hem, gaznanyň hem serişdeleri ýeterlik diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady hem-de ösüp gelýän ýaş nesil baradaky aladanyň Watanymyzyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýandygyny ýene-de bir gezek belledi.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz özüniň çuňňur paýhasyndan syzylyp çykan “Ömrümiň manysy” atly ajaýyp kitabynyň dowamy bolan “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly täze kitabyny ýazyp tamamlap gelýändigini we onuň ýakyn günlerde giň okyjylar köpçüligine gowuşjakdygyny aýtdy.

Mejlisde “Gruziýa — Türkmenistan” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Dawid Matikaşwiliniň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen Gruziýanyň parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde tejribe alyşmagy işjeňleşdirmek, parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini we parlamentara gatnaşyklaryň bar bolan kuwwatyny giňden ulanmak bilen bagly meselelere garaldy.

Geçen hepdede Buharest we Konstansa şäherlerinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Medeniýet günleri iki halkyň ruhy taýdan ýakynlaşmagy üçin giň mümkinçilikleri açyp, döwletara gatnaşyklaryň täze derejä çykarylýandygynyň aýdyň nyşany boldy. Bu döredijilik çäresi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylda beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede dabaraly bellemek hakynda Kararyna laýyklykda guralýan çäreleriň çäklerinde geçirildi.

Medeniýet günleriniň maksatnamasynda amaly-haşam we şekillendiriş sungaty eserleriniň, Türkmenistanyň häzirki güni we taryhy ýadygärlikleri baradaky fotosuratlaryň sergisi, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan “Istärin” atly filminiň görkezilişi, özboluşly milli aşhanamyz we milli lybaslarymyz, halkymyzyň aýdym-saz sungaty bilen tanyşdyryş çäreleri göz öňünde tutuldy.

25-nji maýda ýurdumyzda Aşgabat şäheriniň güni we “Soňky jaň” dabarasy giňden bellenildi. Asylly däbe görä, ir bilen mekdepleriň iň göreldeli uçurymlary, ökde okuwçylar, şeýle hem bilim ulgamynyň işgärleri Watanymyzyň iň täze taryhynyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna we Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül desselerini goýdular. Dürli sport ýaryşlaryna gatnaşan, ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolan hem-de döredijilik bilen meşgullanyp has tapawutlanan okuwçylara hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Şeýle hem bu baýramçylyk gününde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda 2023-nji ýylyň aprel-maý aýlarynda geçirilen abraýly halkara ýaryşlarda baýrakly orunlary eýelän ýurdumyzyň türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy. Iri halkara ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly ХХII köpugurly halkara sergi geçirildi. Sergide ýurdumyzyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň, guramalaryň, edaralaryň, hususy telekeçileriň 140-a golaýy öz önümlerini görkezdiler. Serginiň ekspozisiýasy gurluşyk we binagärlik, senagat, ulag-aragatnaşyk, maliýe-bank ulgamy, jemagat hojalygy, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk, sport ýaly ulgamlary öz içine aldy.

Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlary — “Bouygues Turkmen”, «Gap Inşaat», «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret», «Dorožnoýe stroitelstwo «Altkom», «Çalik Enerji Sanayi we Ticaret A.Ş.», «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi» paýdarlar jemgyýeti gurluşyk desgalarynyň şekil taslamalaryny, innowasion işläp taýýarlamalary we tehnologiýalary görkezdiler. Şolarda suw üpjünçiligi, yşyklandyryş, ýollaryň gurluşygy, dynç almak ýaly ugurlar öz beýanyny tapdy. “Interbudmontaž” kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan şäher metrosynyň şekil taslamasy sergä gelenlerde aýratyn gyzyklanma döretdi.

Şeýle hem bu ýerde işewürlik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirýän kompaniýalar mümkinçiliklerini görkezdiler. Olar dünýä derejesindäki talaplara laýyklykda, şäher hojalygynda ulanylmaga degişli ekologik taýdan arassa ulgamlara hem-de energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalara, seýilgäh zolaklaryna niýetlenen intellektual düzümlere degişli taslamalara aýratyn ähmiýet berýärler. Bu bolsa şäherde amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmäge we tebigaty goramaga, ählumumy ekologik meseleleri çözmäge mümkinçilik berýär.

Geçen hepdede ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi. Baýramçylyk mynasybetli halkara sergi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň “Türkmen halysy — türkmeniň kalby” atly XХIII mejlisi geçirildi. Türkmen halysynyň milli muzeýinde önümçiligiň öňdebaryjylaryny sarpalamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmeti, hünär ussatlygy nazara alnyp, olara “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly at dakyldy.

Muzeýde milli halyçylyk sungatynyň häzirki zaman we nusgawy eserlerinden ybarat bolan sergi ýaýbaňlandyryldy. Gazuw-agtaryş işleri geçirilende ýüze çykarylan tapyndylar esasynda we gadymy “tazyguýruk”, “it ýatak”, “güjük yzy” ýaly nagyşlar salnyp dokalan halylar sergä gatnaşyjylar üçin özboluşly sowgada öwrüldi.

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde dabaraly duşuşyklar, sergiler, ylmy maslahatlar, döredijilik bäsleşikleri we konsertler geçirildi.

10 — 24-nji maý aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň bu guramanyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň we umumadamzat medeniýetiniň belent taglymlarynyň bähbidine alyp barýan medeni we ylmy diplomatiýasynyň dabaralanmagynyň nobatdaky beýany boldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Açyk gapylar” syýasatynyň we ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna, milli ruhy gymmatlyklarymyzyň baýlaşdyrylmagyna, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende galmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriniň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.