Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2-nji iýunda geçirilen mejlisinde 2 müň 300 tonnadan gowrak pile tabşyrylandygy we ýurdumyzyň ýüpekçileriniň pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we ähli türkmen halkyny bu zähmet üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlap, ýüpekçiligi ösdürmek üçin köp işleriň ýerine ýetirilýändigini we geljekde-de bu pudaga uly üns beriljekdigi barada aýtdy.
Türkmenistanyň alymlary dokma senagatyny bu gymmatly çig mal bilen üpjün edýän önümçiligiň netijeliligini has-da ýokarlandyrmakda ylmy esaslaryň ösmegine uly goşant goşýarlar.
Türkmenistanda Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň “Daşky gurşawy goramak tehnologiýalary” barlaghanasynyň alymlary Türkmenistanda ýüpekçiligi ösdürmek bilen bagly ylmy gözlegleriň çäginde biotehnologiýa önümini ̶ bir öýjükli biomassany üstünlikli synagdan geçirdiler.
Barlaghana şertlerinde hlorella vulgaris bilen ýüpek gurçuklary iýmitlenende sagdyn ýüpek gurçuklary we uly pileler alyp bolýar.
Ylmy gözlegleriň dowamynda synaglar diňe ýüpek gurçugynyň (soňky) 5-nji döwründe geçirildi.
Şeýle şertlerde geçirilen ylmy gözlegleriň netijesi, ýüpek gurçuklarynyň kesellere garşylygyny ýokarlanýandygyny, agramynyň çalt artýandygyny we adaty tut ýapraklary bilen iýmitlenýän ýüpek gurçuklaryndan hem-de arassa ýüpek pileleriniň agramyndan 20% ulalandygyny görkezdi.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň "Daşky gurşawy goramak tehnologiýalary" barlaghanasynyň alymlary az çykdaýjy edip, ýokary netijeleri gazanmak üçin bu ugurdaky biotehnologiýalary kämilleşdirmek boýunça gözleg işleri dowam etdirýärler.