Ï Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp bäsleşik geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp bäsleşik geçirildi

view-icon 4366
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp bäsleşik geçirildi

Gündogaryň  dana şahyry Magtymguly Pyragynyň  doglan gününiň  300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň  Türkmenistanyň Bilim bilim ministrligi bilen bilelikde talyplaryň arasynda  guran  breýn-ring  ̶  paýhas oýnunyň jemleýji tapgyry 8: 7 hasabynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň toparynyň peýdasyna tamamlandy.

TMDDI-niň topary breýn-ring   ̶  paýhas oýnunyň jemleýji tapgyrynyň netijelerine görä ýeňiji boldy we  birinji orny eýeledi. Oýnuň soňky tapgyrynda bu ýokary okuw mekdebiniň  bäsdeşi - Türkmen döwlet ykdysadyýet  we dolandyryş institutynyň topary ikinji orna mynasyp boldy.

Ýarym finalda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk  institutynyň we Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň   toparlary üçünji baýrakly orun ugrunda bäsleşdiler. Duşuşykda Halkara gatnaşyklary instituty çala tapawut  bilen ýeňiş gazandy we oýnuň bürünç medalyna mynasyp boldy. 

Bir aýa golaý dowam eden breýn-ring  ̶  paýhas oýny dört  tapgyrdan ybarat boldy. Saýlama tapgyrda sekiz oýun geçirildi, olaryň hersinde ýurdumyzyň 16 ýokary okuw mekdebine  wekilçilik edýän  toparlar  çykyş etdiler. Çärýek finalda 8 toparyň gatnaşmagynda dört oýun geçirildi. Olaryň 4-si ýarym finalyň iki oýnunda, 2-si bolsa finalda  ̶  jemleýji tapgyrda çykyş etdiler.

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen aň-paýhas  oýny çyn zehinleriň bäsleşigine, şeýle hem täsirli tomaşa we çärä gatnaşanlaryň ählisi üçin hem ýatdan çykmajak duşuşyga öwrüldi. Oýun dartgynly bäsdeşlik ruhunda geçdi, oňa gatnaşanlar toparlarynyň çykyşlarynda üstünlikler arzuw   etdiler, oýnuň gidişine dykgatly syn etdiler, alyp baryjynyň sowallaryna dessine jogap berdiler we ynamly çykyşlary bilen düşünjeleriniň  giňdigini görkezdiler.

Türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň  ömrüne we döredijiligine bagyşlanan gyzykly hem-de ýatdan çykmajak tasir galdyran oýnuň ýokary guramaçylyk derejesinde guralandygyny we geçirilendigini aýtmak gerek.