Ï Gawun çipsileri – ekologiýa taýdan arassa önümler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gawun çipsileri – ekologiýa taýdan arassa önümler

view-icon 3690
Gawun çipsileri – ekologiýa taýdan arassa önümler

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi gawun çipsilerini taýýarlamak tehnologiýasyny işläp taýýarlady. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň azyk senagaty pudagyndaky bu oýlap tapyş üçin patenti ýaňy-ýakynda Tehnologiýalar merkeziniň barlaghana ýolbaşçysy Meret Hudaýberdiýewe berildi.

Gawun çipsilerini öndürmek tehnologiýasy tagamy öňden belli, ýöne ýokumly häsiýetleri üýtgedilen täze tagamly iýmit önümlerini döretmek arkaly ilaty ýokary witaminli we ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmegiň häzirki zaman ugruna laýyklykda işlenip düzüldi.

Termiki ýylylyk we mehaniki täsir etmek arkaly «gawun çipsileri» diýlip atlandyrylýan gawun önümlerini öndürmek tehnologiýasy üçin teklip edilýän usul biologiki taýdan işjeň maddalaryň hilini ýokarlandyrmaga, harytlyk sypatyny gowulandyrmaga, uzak möhletde saklanmagy üpjün etmäge we alyjylar bazarynyň islegini kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.

Çipsileri taýýarlamak usulynda deslapky işler ýerine ýetirilýär – paçagy aýrylyp ortasy ellips şekilli kese bölünýär, çigidinden arassalanan gawun tegelek birmeňzeş ölçegde, 0,7-0,8 sm galyňlykda kesilýär. Soňra önüm aşgaryny azaltmak we mikrobakteriýalar döremeginiň öňüni almak üçin askorbin turşusy bilen işlenilýär.

Üç tapgyrda kakadylyp, erkin we baglanşykly çyglylygy aýrylýar.

Täze önüme ilat arasynda uly isleg bildirilýär.