Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda

view-icon 6734

I. 2022-nji ýylyň 20-nji noýabryndaky «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 4, 107-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:

1) 19-njy maddanyň üçünji böleginde we 20-nji maddanyň dördünji böleginde «adwokatyň,» diýen sözden soň «kazyýetiň,» diýen sözi goşmaly;

2) 21-nji maddanyň ikinji böleginiň birinji tesiminde «welaýat we welaýat hukukly» diýen sözleri «welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli» diýen sözlere çalşyrmaly;

3) III babyň adyny şu görnüşde beýan etmeli:

«III BAP. HUSUSY NOTARIUSYŇ IŞINI DÜZGÜNLEŞDIRMEK»;

4) 31-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«31-nji madda. Hususy notariusyň işini

ygtyýarlylandyrmak

Hususy notariusyň işini ygtyýarlylandyrmak işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.»;

5) 32 — 35-nji maddalary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;

6) 42-nji maddada:

ikinji bölegiň birinji tesiminde «Aşgabat şäherinde we» diýen sözleri «Welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherlerinde hem-de» diýen sözlere çalşyrmaly;

üçünji bölegiň ikinji tesiminde «Welaýat hukukly şäher we» diýen sözleri «Welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher hem-de» diýen sözlere çalşyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri. 2023-nji ýylyň 3-nji iýuny.