Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda

view-icon 4840

I. 2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 91-nji madda; 2017 ý., № 1, 31-nji madda; 2018 ý., № 2, 32-nji madda; 2019 ý., № 2, 29-njy madda; 2020 ý., № 1, 6-njy madda; 2021 ý., № 1, 14-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 3, 74-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:

1) 4-nji maddanyň 20-nji bendinde we 17-nji maddanyň 10-njy bendinde «kömegini bermek» diýen sözleri aýyrmaly;

2) 6-njy maddanyň birinji böleginde «ygtykadyna, haýsy partiýa degişlidigine ýa-da hiç partiýa degişli däldigine» diýen sözleri «ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara» diýen sözlere çalşyrmaly;

3) 8-nji maddanyň birinji böleginiň 2-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«21) Arkadag şäheriniň adalat müdirligi;»;

4) 12-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«12-nji madda. Welaýat adalat bölümleri we

Arkadag şäheriniň adalat müdirligi

1. Welaýat adalat bölümleri we Arkadag şäheriniň adalat müdirligi adalat edaralarynyň üstüne ýüklenen degişli wezipeleri degişlilikde welaýatlarda we Arkadag şäherinde ýerine ýetirmegi amala aşyrýan döwlet edaralary bolup durýarlar.

2. Welaýat adalat bölümleri we Arkadag şäheriniň adalat müdirligi hakynda Düzgünnama Türkmenistanyň Adalat ministri tarapyndan tassyklanylýar.

3. Welaýat adalat bölümlerine Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Adalat ministri tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan müdir ýolbaşçylyk edýär.

Arkadag şäheriniň adalat müdirligine Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Arkadag şäheriniň häkimi bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Adalat ministri tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan müdir ýolbaşçylyk edýär.»;

5) 14-nji maddada:

birinji bölekde «welaýat hukukly» diýen sözlerden soň «we döwlet ähmiýetli» diýen sözleri goşmaly;

üçünji bölekde «Aşgabat şäher döwlet notarial edarasyna» diýen sözleri «Welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriniň döwlet notarial edaralaryna» diýen sözlere çalşyrmaly;

6) 15-nji maddanyň dördünji böleginde «welaýat hukukly» diýen sözlerden soň «we döwlet ähmiýetli» diýen sözleri goşmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri. 2023-nji ýylyň 3-nji iýuny.