Ï «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny

view-icon 9589

I. 2019-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 4, 85-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 3, 74-nji madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:

1) 4-nji maddanyň 1-nji bendinde «welaýat hukukly» diýen sözlerden soň «we döwlet ähmiýetli» diýen sözleri goşmaly;

2) 8-nji maddanyň birinji böleginiň ikinji tesiminde «perzentlige alynmagy» diýen sözleri «perzentlige alnandygy» diýen sözlere çalşyrmaly;

3) 17-nji maddanyň ikinji böleginde «we Aşgabat şäher» diýen sözleri «, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriniň» diýen sözlere çalşyrmaly;

4) 21-nji maddanyň adynda we birinji tesiminde «şäher» diýen sözi «we döwlet ähmiýetli şäherleriň» diýen sözlere çalşyrmaly;

5) 44-nji maddanyň birinji böleginde:

2-nji bendi 3-nji bent diýip hasap etmeli;

3-nji bendi 2-nji bent diýip hasap etmeli;

6) 81-nji maddanyň birinji böleginiň 2-nji bendinde «ölümiň» diýen sözi «ölen» diýen söze çalşyrmaly;

7) 86-njy maddanyň dördünji böleginiň birinji tesiminde birinji «berilýär» diýen sözi aýyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri. 2023-nji ýylyň 3-nji iýuny.