Ï «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny

view-icon 6813

I. 2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 165-nji madda; 2019 ý., № 4, 66-njy madda; 2020 ý., № 1, 10-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 151-nji madda) 19-njy maddasynyň sekizinji böleginden soň, şu mazmunly bölegi goşmaly:

«81. Harby gullukçylar (harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlar) harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly (harby ýygnanyşyklarda) wepat bolan (aradan çykan) ýa-da şikes almagy (ýaralanmagy, synasyna şikes ýetmegi, seňselemegi), kesele ýolukmagy netijesinde mundan beýläk harby gullugy geçmäge mümkinçiligi bolmadyk, maýyplyk bellenilen, şeýle hem harby gulluk borçlaryny ýerine ýetiren wagtynda (harby ýygnanyşyklarda) şikes almagy (ýaralanmagy, synasyna şikes ýetmegi, seňselemegi), kesele ýolukmagy netijesinde harby gullukdan boşadylan (harby ýygnanyşyklary tamamlan) gününden beýläk bir ýylyň dowamynda aradan çykan halatlarynda, zyýanyň (zeleliň) öweziniň dolunmagy Türkmenistanyň Goranmak ministrligi hem-de kanun boýunça özlerinde harby gulluk göz öňünde tutulan beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçirilen gulluk barlagynyň netijesi hem-de harby-lukmançylyk toparynyň çykaran netijenamasy esasynda amala aşyrylýar.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri. 2023-nji ýylyň 3-nji iýuny.