I. 2014-nji ýylyň 8-nji noýabrynda kabul edilen «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 140-njy madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:
1) 11-nji maddada:
üçünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«3. Hünär işiniň görnüşleriniň utgaşdyrylmagy ygtyýarly edara bilen ylalaşmak arkaly amala aşyrylýar.»;
dördünji bölegi güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;
2) 14-nji maddada:
bäşinji bölekde:
«bitewüligine» we «ýöriteleşdirilen» diýen sözleri aýyrmaly;
şu mazmunly tesimi goşmaly:
«Maýa goýum kompaniýasy göni maýa goýum işini we Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan berlen ygtyýarnamanyň esasynda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan bank amallarynyň ähli ýa-da aýry-aýry görnüşlerini amala aşyryp biler.»;
altynjy bölegiň birinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:
«Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenmedik bolsa, maýa goýum kompaniýasy öz maliýe serişdelerini esaslandyryjylaryň serişdeleriniň, ýuridik we fiziki şahslara ýerlenilýän hususy gymmatly kagyzlaryň emissiýasynyň, şeýle hem hususy serişdelerini täzeden maýa goýmagyň hasabyna emele getirýär.»;
3) 16-njy madda şu mazmunly bölegi goşmaly:
«6. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kliring guramasynyň wezipeleri ýüklenilen ýörite edaranyň döredilmegi ýa-da kliring guramasynyň wezipeleriniň amala aşyrylmagy üçin ygtyýarly karz edarasyna ygtyýarlyk berilmegi hakynda karar kabul edilip bilner.»;
4) 17-nji madda şu mazmunly bölegi goşmaly:
«10. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan depozitariniň wezipeleri ýüklenilen ýörite edaranyň döredilmegi ýa-da depozitariniň wezipeleriniň amala aşyrylmagy üçin ygtyýarly karz edarasyna ygtyýarlyk berilmegi hakynda karar kabul edilip bilner.»;
5) 23-nji maddanyň dördünji böleginde «geňeşi» diýen sözi aýyrmaly;
6) 30-njy maddada:
ikinji bölekde «bilmez» diýen sözden soň «(şu maddanyň dördünji böleginiň ikinji we üçünji tesimleri muňa degişli däldir)» diýen sözleri goşmaly;
dördünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«4. Obligasiýalaryň emissiýasy şu aşakdaky görnüşleriň biri bilen amala aşyrylyp bilner:
emitentiň emläginiň girew goýulmagy arkaly;
üçünji şahslaryň kepillikleri arkaly;
emitentiň arassa aktiwleriniň bahasynyň möçberinden ýokary geçmeýän möçberde üpjünçiliksiz.»;
7) 38-nji maddanyň bäşinji böleginde:
2-nji bentde «az» diýen sözi «artyk» diýen söze çalşyrmaly we ikinji sözlemi aýyrmaly;
3-nji bendi güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri. 2023-nji ýylyň 3-nji iýuny.