Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Suw kodeksine goşmaçalar we üýtgetme girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Suw kodeksine goşmaçalar we üýtgetme girizmek hakynda

view-icon 9008

I. 2016-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Suw kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 139-njy madda; 2018 ý., № 1, 3-nji madda, № 4, 100-nji madda; 2019 ý., № 4, 77-nji madda) şu goşmaçalary we üýtgetmäni girizmeli:

41-nji maddanyň 7-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«71) suw akabalaryndan we suw geçirijilerinden alynýan suwlaryň möçberlerini takyk ýöretmek maksady bilen, olarda döwrebap suw ölçeýji enjamlaryny we gurallaryny öz serişdeleriniň hasabyna gurnamaga;»;

111-nji maddada:

adyny şu görnüşde beýan etmeli:

«111-nji madda. Suw serişdelerinden tölegli peýdalanmak we tarifler»;

şu mazmunly bölegi goşmaly:

«6. Türkmenistanda suw serişdelerinden tölegli peýdalanmagyň düzgünleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri. 2023-nji ýylyň 3-nji iýuny.