Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

view-icon 11708

I. 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 34-nji madda; 2015 ý., № 2, 61-nji madda; 2016 ý., № 1, 17-nji madda; 2019 ý., № 4, 98-nji madda; 2021 ý., № 1, 25-nji madda; 2023 ý., № 1, 5-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1) Kanunyň adynda «gurluşynyň» diýen sözi «bölünişiginiň» diýen söze çalşyrmaly;

2) 1-nji maddada:

birinji bölekde «welaýat hukukly» diýen sözlerden soň «we döwlet ähmiýetli» diýen sözleri goşmaly;

ikinji böleginde «gurluşynyň» diýen sözi «bölünişiginiň» diýen söze çalşyrmaly;

3) 2-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«21-nji madda. Dolandyryş-çäk birlikleriniň hukuk ýagdaýy

1. Dolandyryş-çäk birlikleri degişli hukuk ýagdaýyna eýedir. Welaýat, etrap, şäher, şäherçe, geňeşlik we oba dolandyryş-çäk birliklerine bellenilýän hukuk ýagdaýydyr.

2. Ýurdy ösdürmegiň uzak möhletleýin geljeginiň ähmiýeti we ulag, senagat, söwda, hyzmatlar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, gurluşyk ulgamlaryny ösdürmek, halkara derejesinde çäreleri geçirmek mümkinçilikleri, şeýle hem amala aşyrylýan taslamalaryň wajyplygy nazara alnyp, käbir şäherlere döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy bellenilip bilner.»;

4) 4-nji maddanyň dördünji böleginiň ikinji tesiminde «oba» diýen sözden soň «, ýaşaýyş jaý toplumy» diýen sözleri goşmaly;

5) 5-nji maddanyň ikinji böleginde «kwartallarynyň» diýen sözi «ýaşaýyş jaý toplumlarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

6) 6-njy maddanyň ikinji böleginde «Aşgabat» diýen sözden soň «we Arkadag» diýen sözleri goşmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri. 2023-nji ýylyň 3-nji iýuny.