Ï Türkmenistan – Koreýa Respublikasy: bilim ulgamyndaky netijeli hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – Koreýa Respublikasy: bilim ulgamyndaky netijeli hyzmatdaşlyk

view-icon 5234

Ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Kýu-Tek bilen geçiren duşuşygynda iki ýurduň köptaraplaýyn gatnaşyklarynda halklaryň ýakynlaşmagyna, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam edýän medeni we ynsanperwer ugruň möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda bilim we medeniýet, sport, syýahatçylyk we saglygy goraýyş ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etmegine uly ähmiýet berilýär.

Aşgabatda indi birnäçe ýyl bäri patyşa Sejon (Sejong) adyndaky Koreýanyň bilim merkezi hereket edýär, ol koreý dilini öwrenmek we «säher saba ýurdy» medeniýetiniň dürli ugurlary bilen tanyşmak isleýänlere mümkinçilik döredýär. 

Türkmenistanyň tutuş ilatyna koreý dilini öwrenmegiň has elýeterli bolmagy üçin Merkez başlangyç derejesindäki (elipbiýden başlap) koreý dili sapagynyň ilkinji 10 sapagyny mugt berýär. Diňe gyzyklanma bildirýänler, isleseler, okuwlaryny tölegli esasda dowam edip bilerler.

Toparda 10 ýaşdan we ondan uly 15 adam okaýar. Sapaklary Koreýanyň Diller institutlarynyň sertifikatyny alan ýokary hünärli mugallymlar alyp barýarlar. Dil okuwlary dürli medeni çäreler bilen baýlaşdyrylýar.