Ï Tehnologiýalar merkeziniň ýaş alymlarynyň üstünlikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tehnologiýalar merkeziniň ýaş alymlarynyň üstünlikleri

view-icon 4976
Tehnologiýalar  merkeziniň ýaş alymlarynyň üstünlikleri

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň ýaş alymlary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky  Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guran Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän ylmy işler bäsleşigine işjeň gatnaşdylar.

Tehnologiýalar merkeziniň aspiranty Oguljemal Begmyradowa ýeňiji  we «Ýaş alym» diýen hormatly ada eýe boldy. Onuň «Ýerli çig maldan magneziýa maddalaryny almagyň usullary» referaty   geljegi uly iş hökmünde bellenildi. 

Awtoryň aýtmagyna görä, işiň esasy maksady Türkmenistanyň ýataklarynyň dolomitlerini toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň ylmy esaslaryny, şeýle hem ýod-brom senagatynyň ýokary derejede  minerallaşan suwlaryndan magniý birleşmelerini bölüp almak  usullaryny işläp taýýarlamakdyr.

Bu maksatlar üçin dolomitden, ýokary minerallaşan akymly suwlardan magniý oksidi ýaly birleşmeleri almak üçin birnäçe barlag geçirildi. Magniý oksidi dürli pudaklarda - gurluşyk, himiýa, azyk senagatynda, derman, şeýle hem polat, oda durnukly, rezintehniki önümler önümçiliginde  ulanylýar.

Kelete, Köýtendag ýataklarynyň dolomitleri we ýokary minerallaşan ýod-brom senagat suwlary magneziýa maddalarynyň esasy çeşmeleridir.

Bäsleşikde baýrakly orunlary Tehnologiýalar merkeziniň wekilleri - Enejan Kulyýewa we Alty Baýramow eýelediler.

E.Kulyýewanyň daşky gurşawa taşlanylýan galyndylary gaýtadan ulanmak arkaly garyşyk azot-fosfor-kükürt dökünlerini almak usullaryny işläp taýýarlamagy  onuň geçiren gözlegleriniň ähmiýetli tarapydyr. Garyşyk dökünler hasyllylygy ýokarlandyrmak we topragyň gurluşyny gowulandyrmak, ondaky çyglylygy saklap galmak üçin oba hojalygynda hem-de ýyladyşhanalarda giňden ulanylýar. Ýaş alymyň ylmy işläp taýýarlamalary  ulanmaga güwänama aldy we eýýäm «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň S.A. Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda önümçilige ornaşdyrmak üçin teklip edildi. 

O.Begmyradowanyň işi ýaly, E.Kulyýewanyň serişdeleri tygşytlamak bilen baglanyşykly ylmy işleri- häzirki zamanda «önümçilik - ulanmak – galyndylary gömmek» ýörelgesine esaslanýan nusgawy gönümel ykdysadyýete möhüm alternatiwa hökmünde garalýan  serişdeleri dikeltmäge gönükdirilien serişdeleri doly derejede ulanmak ykdysadyýetine ýa-da doly aýlawly  ykdysadyýetiň ösüşine tarap ädimdir. 

Alty Baýramowyň işläp taýýarlan Maksatnamasy orta we ýokary okuw mekdeplerinde mugallymyň işini ýeňilleşdirýär, sapagyň netijeliligine we okuwçylaryň ýatkeşligine oňyn täsir edýär. Usulyň awtorynyň aýtmagyna görä, öwrenmek we ulanmak aňsat ulgam gyzyklanma bildirýänleriň ählisine  elýeterlidir.