Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň her ýyl geçirýän «Ýylyň mugallymy-2023» döwlet bäsleşiginiň jemlerini jemlemek dabarasy geçirildi.
Bäsleşigiň baş baýragy we «Ýylyň mugallymy-2023» diýen hormatly at Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, taryh ylymlarynyň kandidaty Mähri Perdeliýewa berildi.
Bäsleşikde birinji orny Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň sanly ykdysadyýet kafedrasynyň uly mugallymy Aýgözel Arlanowa eýeledi.
Ikinji orny iki mugallym – Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň diller kafedrasynyň uly mugallymy Merdan Amanow we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň terjimäniň nazaryýeti we tejribesi kafedrasynyň mugallymy Meretguly Gurbanow paýlaşdy.
Dört adam --Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň kafedra müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Maral Sähetgeldiýewa, Türkmen oba hojalyk institutynyň mallaryň kesellerini anyklaýyş we bejermek kafedrasynyň uly mugallymy Meretmät Meretmädow, Türkmenistanyň Serhet institutynyň hukuk taýýarlygy kafedrasynyň uly mugallymy, hukuk ylymlarynyň kandidaty Möwlamguly Hezretow we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň saz taryhy kafedrasynyň uly mugallymy Bahargül Ýakubowa üçünji orna düşdüler.
Bäsleşigiň ýeňijileri we baýrakly orunlaryny eýelänler Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň degişli derejeli diplomlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.
Mundan başga-da, dabarada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýene 17 mugallymy bäsleşikde höweslendiriji baýraklar bilen sylaglandy. Mugallymlara Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomlary gowşuryldy.
Dabarada paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýaryşyň ähli tapgyrlarynda ynamly ýeňiş gazanan, finalda mynasyp çykyş eden, ýokary hünär ussatlygyny we mugallymçylyk zehinini görkezen 25 mugallym sylaglandy.
Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşikde mugallymlaryň hünärine degişli kadalara laýyklykda berk we adalatly baha berildi. Abraýly eminler topary hatarynda ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Milli bilim institutynyň we döwürleýin ylmy-populýar neşirleriň wekillerinden ybarat boldy.
Bäsleşigiň çäklerinde sapaklary alyp barmakda hünär ussatlygyna baha berildi, mugallymlaryň usulyýet we ylmy işleri seljerildi, bilim we terbiýeçilik wezipelerine üns berildi, ylmy derejeleri we hormatly atlary göz öňünde tutuldy.
Bäsleşigiň çäklerinde oňa gatnaşyjylaryň hünär başarnyklaryna giňişleýin baha berildi.