Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen «XXI asyrda diplomatiýanyň orny» atly esse (düzme) bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny geçirdi.
Bäsleşigiň Baş baýragyny Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Arslan Mämmedow eýeledi.
Birinji orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiň talyby Meňli Çaryýewa mynasyp boldy.
Ikinji orun Mekan Annagulyýew (Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty), üçünji orun Aýjeren Orazberdiýewa (Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti) berildi.
Şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň arasynda birinji orny Aýgül Meredowa eýeledi.
Ikinji orna Oguzhan Piriýew, üçünji orna Erem Döwletmyradow, Ejeş Taganowa, Dawut Nazmyradow mynasyp boldular.
Döredijilik bäsleşiginde ýeňijiler we baýrak alanlar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň degişli derejeli Diplomlary we çäräniň hemaýatkäri «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy.
Bäsleşik Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň goldamagy esasynda 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirildi.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda döredijilik işleri bäsleşigi rus dilinde geçirildi.
Gatnaşyjylara şu tematiki ugurlaryň biri boýunça düzmäni ýazmak teklip edildi: «Dialog — parahatçylygyň kepili — halkara gatnaşyklarynyň täze pelsepesi», «Medeniýetleriň aragatnaşygynda daşary ýurt diliniň orny», «Medeniýetleriň dialogy we ÝUNESKO», «Medeni diplomatiýa — milletara dialogyň dili».
Bäsleşigi geçirmegiň esasy maksatlary zehinli we başarnykly ýaşlary kesgitlemek, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara gatnaşyklary güýçlendirmek, talyplaryň rus dilini öwrenmek islegini ýokarlandyrmak, BMG-nyň resmi dillerinden biri we milletara aragatnaşyk dili hökmünde talyplaryň rus dilinde ýazmak endiklerini ösdürmekden ybaratdyr.
Mundan başga-da, bütin dünýa parahatçylygy goramak we berkitmek üçin köprüler we aragatnaşyk gurmak, ýaşlaryň aňynda asuda we ynamly ýaşamak däplerini güýçlendirmek üçin gepleşik pelsepesini ösdürmäge, halklara hormat goýýan gepleşiklere gönükdirilendir, parahatçylyk, ynam we hormat medeniýeti, bäsleşigiň esasy meseleleridir.