Ï Türkmenistanyň maliýe ýokary okuw mekdebini täze hünärli ilkinji uçurymlaryň 20-si tamamlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň maliýe ýokary okuw mekdebini täze hünärli ilkinji uçurymlaryň 20-si tamamlady

view-icon 4807
Türkmenistanyň maliýe ýokary okuw mekdebini täze hünärli ilkinji uçurymlaryň 20-si tamamlady

Türkmen döwlet maliýe institutynda bu ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlan uçurymlaryň hormatyna dabaraly çäre geçirildi.

Institutda her ýyl geçirilýän adaty çäre şu ýyl aýratyn ähmiýete eýe boldy, çünki baýramçylyk dabarasynda «Maliýe monitoringi» hünäri boýunça ilkinji 20 uçurym gutlanyldy.

Ýurdumyzyň sazlaşykly ösýän maliýe ulgamy, seljeriş, audit, dolandyryş işleri, ylmy-barlag işlerinde ökde hünärli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen institutda ilkinji gezek 2018-nji ýylda täze hünär girizildi.

Umuman şu ýyl 259 uçurym ýokary maliýe mekdebini «Maliýe», «Pul dolanyşygy we kredit», «Bank işi we maliýe», «Salgytlar we salgyt salmak», «Ätiýaçlandyryş işi», «Birža işi», «Buhgalteriýa hasabaty we audit» hünärleri boýunça tamamlady.

Uçurymlary dabaraly ýagdaýda institutyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary, talyplary gutladylar. Baýramçylykda şu ýokary okuw mekdebiniň «Bagtyýarlyk joşguny» ansamblynyň döredijilik toparynyň aýdym-sazly gutlaglary ýaňlandy.

Uçurymlaryň okan döwri öz hünäri boýunça giňişleýin nazaryýet we amaly bilimleri alandyklary bellenildi. Şeýle hem iş tejribelerinde geljekde kärinde üstünlik gazanmak üçin goşmaça başarnyklary ele almaga mümkinçilik döredildi. Okuwyň dowamynda daşary ýurt dillerini we sanly tehnologiýalary öwrenmäge aýratyn üns berildi.

Dabarada ýurdumyzyň çalt depginlerde ösýän ykdysadyýeti üçin geljekki hünärmenleri taýýarlamagyň döwletimizde ileri tutulýan wezipedigi, ony üstünlikli amala aşyrmak üçin zerur şertleriň döredilendigi nygtaldy.

Çärä gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Türkmenistanyň Prezidentine ösüp gelýän ýaş nesil üçin hemmetaraplaýyn edýän atalyk aladalary, döwletimiziň ýaşlara berýän yzygiderli goldawy, milli bilim ulgamynyň sazlaşykly ösüşine we kämilleşdirilmegine aýratyn üns berýändigi üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Uçurymlara işlerinde üstünlik we ýagşy arzuwlar aýdyldy. Çykyşlarda ýaş hünärmenleriň ýurdumyzyň maliýe ulgamynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna, Türkmenistanyň geljekki ykdysady ösüşine we gülläp ösmegine mynasyp goşant goşjakdygyna ýürekden ynam bildirildi.