S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde pisse ösdürip ýetişdirmeklige bagyşlanan ylmy-amaly duşuşyk geçirildi.
Çärä uniwersitetiň mugallymlary we talyplary, tema bilen gyzyklanýan paýtagtymyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, bu ugurdan hünärmenler, ýerli telekeçiler gatnaşdylar.
Duşuşykda ýurdumyzyň sebitleriniň tebigy we howa şertlerinde pisse agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek hem-de olardan bol hasyl almak mümkinçiligi barada tejribe alşyldy.
Duşuşykda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, «Altyn jüýje» hojalyk jemgyýetiniň bilermeni Ýagmyr Jumalyýew çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, pisse agaçlary ýeterlik derejede ösen kök ulgamynyň kömegi bilen yssy we gurak howa şertlerine gowy uýgunlaşandyr. Ösümligiň kökleri has aşak, 30 metre çenli çuňluga gidip, suwa gowy aralaşýar. Şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzda pisse agaçlarynyň boýy 5 metrden 7 metre çenli ýetýär. Pisse ýerli howa şertlerine gowy uýgunlaşandyr we Türkmenistanda giňden ýaýrandyr.
Pisse agajynyň uzak ýyllyk ekindigi, 900 ýyla çenli ösýändigi nygtaldy. Pisse güneşli ýurdumyzda, Bathyz daglyk ýerlerinde döräp, soňra beýleki ýurtlara ýaýrapdyr.
Çärä gatnaşyjylar daglyk we çöllük ýerlerde pisse ösdürip ýetişdirmek, ondan bol hasyl almak barada pikir alyşdylar. Şu jähetden topragyň ýagdaýyny ylmy esasda öwrenmegiň ähmiýeti bellenildi. Agaçlaryň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň usullary we medeni şertlerde gowy kemala gelen her pisse agajyndan 16-20 kg çenli hasyl almak mümkinçiligi barada gürrüň edildi. Hünärmenler ösümlikleri köpeltmegiň usullaryny, olara ideg etmegiň düzgünlerini we şertlerini, dökünleri ulanmagyň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Ýurdumyzyň oba hojalyk uniwersitetinde öz ugrundan dürli hünärmenleriň we talyplaryň gatnaşmagynda dürli mowzuklar boýunça şeýle duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Duşuşyklaryň dowamynda oňa gatnaşyjylar gymmatly tejribelerini paýlaşýarlar, dünýäniň iň oňat tejribelerini we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny, oba hojalygy önümçiliginde innowasiýalary girizmegiň usullaryny we ýollaryny ara alyp maslahatlaşýarlar.
Ýerli oba hojalyk önümlerini öndürijileriniň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek üçin tagallalar edilýär, ýylyň ähli paslynda ilaty ýeterlik derejede ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmek baş maksadyndan ugur alnyp zerur çäreler görülýär.