Türkmenistanly mekdep okuwçylary ilkinji gezek Özbegistanyň Mekdebe çenli we mekdep bilim ministrliginiň guramagynda Hywa şäherinde geçirilen Abu Reýhan Beruny adyndaky Halkara himiýa olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler.
Olimpiadanyň netijeleri boýunça alty bürünç medaly Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň 10-njy synp okuwçylary Mekan Ahmedow, Şatlyk Batyrow, Mährijemal Gündogdyýewa, Adyl Serdarow, Jeren Akmyradowa, şeýle hem paýtagtymyzdaky 37-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Ogulbaýram Berdimyradowa eýelediler.
Himiýa boýunça halkara bäsleşigine dünýäniň 15 ýurdundan, şol sanda Türkiýeden, Azerbaýjandan, Hindistandan, Wýetnamdan, Alžirden, Braziliýadan, Belarusdan, Russiýadan, Gazagystandan, Omandan, Gruziýadan, Türkmenistandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Özbegistandan 130 okuwçy gatnaşdy.
Olimpiadanyň ygtybarly eminler topary Türkiýeden, Russiýadan, Gazagystandan, Täjigistandan, Päkistandan we beýleki ýurtlardan bolan akademiklerden, professorlardan we tejribeli hünärmenlerden ybarat boldy. Halkara olimpiada 15-18 ýaş aralygyndaky mekdep okuwçylarynyň arasynda iki tapgyrda geçirildi. Olimpiada gatnaşyjylaryň bilimine we başarnygyna eminler ýazmaça hem-de amaly barlaghana işleri boýunça baha berdiler.