Her ýylyň 27-nji iýunynda tuutş ýurdumyzda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň däp bolan täsirli we joşgunly ruhunyň çäklerinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly çäreler geçirilýär.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Magtymguly Pyragynyň parahatçylygyň guraly hökmünde medeniýete ynsanperwerlik dünýä garaýşy» ady bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgärleri, institutyň we ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professorlary, mugallymlary, talyplary gatnaşdylar.
Maslahatyň umumy mejlisinde Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny wagyz etmegiň ähmiýeti, milli döwlet gurluşynyň ösüşinde beýik akyldaryň tutýan orny we ynsanperwer şahyryň umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň hazynasyna goşan goşandy barada gürrüň edildi.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan giň halkara ylmy hyzmatdaşlyk syýasatynyň, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylan, medeni we ynsanperwer halkara gatnaşyklarynyň giňelmegine, türkmen halkynyň medeni mirasynyň wagyz edilmegine ýardam edýän düýpli özgertmeleriň ähmiýeti nygtaldy.
Zehinini müdimi umumadamzat gymmatlyklaryna hyzmat etmäge bagyş eden Magtymgulynyň ruhy-intellektual dünýä ösüşinde ähmiýetli orun tutan şahsyýetleriň biridigi bellenildi. Foruma gatnaşanlar dünýä halklarynyň çeperçilik dünýä garaýşynyň ösmegine güýçli täsir eden Magtymgulynyň döredijiliginiň ähmiýetiniň milli çäkden belentdedigi, onuň has çuňňur we hemmetaraplaýyn öwrenilmeginiň talap edýändigini bellediler.
Maslahat «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi – parahatçylyk söýüjiligiň beýik idelay» , «Medeniýet - jemgyýetiň ruhy durmuşynyň ýörelgesi», «Türkmenistanyň ykdysadyýeti we medeniýeti özara baglanyşykly güýçlerdir», «Magtymguly Pyragy - dünýä şygryýetiniň şamçyragy» ýaly dört ylmy bölümde guraldy.
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda geçirilen «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi - terbiýe mekdebi» atly ylmy-amaly maslahat beýik şahyryň ömrüne we baý edebi mirasyna bagyşlandy.
Umumy mejlisiň we bäş ylmy bölümiň çäklerinde olara gatnaşan professorlaryň, ylmy işgärleriň, mugallymlaryň, aspirantlaryň we institutyň talyplarynyň taýýarlan 180-den gowrak tematiki çykyşlary diňlenildi.
Çykyşlarda döredijiligi müdimi ylham, ahlak, watanperwerlik, edermenlik we ösüp gelýän ýaş nesil üçin görelde terbiýe mekdebi bolan türkmen nusgawy edebiýatyny esaslandyran beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň mundan beýläk öwrenilmeginiň we giňişleýin wagyz edilmeginiň ähmiýeti we zerurlygy nygtaldy.
Institutyň «Kuwwat» döredijilik toparynyň ýerine ýetiren tanslary we aýdymlary baýramçylyk maslahatyny bezedi.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirilen çäre milli medeniýetiň we sungatyň şanyna hakyky baýramçylyk dabarasy boldy.
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde uniwersitetde tematiki sergi açyldy. Onda nepis şaý-sepler, türkmen halylary we haly önümleri, milli lybaslardyr ussalaryň hem-de senetçileriň işleri ýerleşdirilipdir.
Uniwersitetiň zehinli talyplarynyň çeper höwesjeňler toparynyň taýýarlan baýramçylyk konsertinde özboluşly ajaýyp türkmen milli tanslary we aýdymlary ýerine ýetirildi.
Baýramçylyk dabarasynda Magtymgulynyň çuň manyly, watançylyga ýugrulan goşgulary ýaňlandy. Olaryň esasynda döredilen, talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýasy ajaýyp baýramyň çuňňur döredijilik we mähirli ruhuny has-da güýçlendirdi.
Çärä gatnaşyjylar Magtymgulynyň öňden görüjilikli eserlerinde arzuw eden, üstünlikli bilim almak we netijeli işlemek üçin ýurtda döredilen ähli zerur şertler, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin bagtly, asuda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde abadan durmuş üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine, Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny bildirdiler.