Ï Belent sepgitler berkarar döwletiň täze eýýamynyň şöhratyny artdyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Belent sepgitler berkarar döwletiň täze eýýamynyň şöhratyny artdyrýar

view-icon 3496

Ýokary ynsanperwer ýörelgeleri we däpleri özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramy bellenilen geçen hepdede ýurdumyzda şanly waka bolup geçdi. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan bu waka ýurdumyzyň abadançylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny ýene bir gezek subut etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze Arkadag şäheriniň açylmagy mynasybetli uly baýramçylyk dabaralary geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen, durmuş ulgamy öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we “ýaşyl” tehnologiýalar bilen utgaşykly ýola goýlan Arkadag şäheri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýada ilkinji toplumlaýyn gurluşyk taslamasy bolup durýar. Şonuň üçin-de täze şäheriň dabaraly açylyşyna gatnaşan köp sanly myhmanlar ony “Aziýanyň parlak ýyldyzy”, “Geljegiň şäheri” diýip atlandyrdylar.

Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan täsin şäheriň açylyş dabaralary “Akhan” binasynyň ýanyndaky meýdançada badalga aldy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz däp bolan toý bagyny kesip, täze şäheri açdy, şol pursatda asmana dürli reňkli şarlar uçuryldy.

Soňra şäheriň Baş baýdak meýdançasynda dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagynda Döwlet baýdagymyz ýokary galdyryldy.

Hormatly Prezidentimizi köp sanly myhmanlaryň hatarynda dabaralara gatnaşan Türkiýe Respublikasynyň senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyr hem-de Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu mähirli mübäreklediler. Taryhy waka mynasybetli myhmanlar döwlet Baştutanymyza täze “TOGG” kysymly elektromobilleriň ikisiniň açarlaryny gowşurdylar. Bu elektromobiller Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa sowgat berildi.

Dabaralaryň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň ahalteke bedewine atlanan aýgytly keşbi şekillendirilen “Arkadag Binasynyň» açylyşy boldy. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine uzaýan batly gadamlaryny alamatlandyrýar.

Arkadag şäheriniň Baş meýdançasynyň münberiniň öňünde köpöwüşginli aýdym-sazly kompozisiýany taýýarlan döredijilik toparlarynyň çykyşlary we milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň zähmetkeşleriniň baýramçylyk ýörişi guraldy.

Döwlet Baştutanymyz şäheriň täze jaýyna göçüp baran maşgalalaryň biriniň öýüne bardy. Öý eýesi ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklary üpjün edýän “akylly” jaýyň tehnologiýalarynyň artykmaçlyklary barada buýsanç bilen gürrüň berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary tarapyndan işlenip taýýarlanylan “akylly” şäher üçin programma üpjünçiliginiň aýratynlyklary bilen hem tanyşdyryldy. Bu programma “Arkadagly ýaşlar” diýlip atlandyrylyp, onuň üsti bilen ähli enjamlar “akylly” öý ulgamynyň serwerinden buýruk alýar we ony awtomatik usulda ýerine ýetirýär.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ähli babatda halkara ülňülere laýyk gelýän, çagalaryň saglygyny dikeltmegiň we berkitmegiň döwrebap şertlerini özünde jemleýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine bardy we bu ýerde döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy.

Soňra Ruhyýet köşgünde geçirilen dabarada, el çarpyşmalaryň astynda täze, deňsiz-taýsyz şäheriň şähergurluşyk, ekologiýa hem-de sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynda ýeten sepgitleriniň ykrarnamasy hökmünde halkara guramalaryň ýolbaşçylary we meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň ýolbaşçysy D.Orazowa güwänamalaryňdyr diplomlaryň 20-den gowragyny gowşurdylar.

Arkadag şäheriniň açylmagy mynasybetli “Märkaw” myhmanhanasynda toý sadakasy berildi.

Şol gün şäher häkimliginde ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasy boldy. Şol resminamalaryň hatarynda Arkadag şäheri bilen Kazan şäheriniň (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy) arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ylalaşyk, Arkadag şäheri bilen Telawi şäheriniň (Gruziýa) arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ylalaşyk bar.

Şeýle hem Aşgabat şäheri bilen Baku şäheriniň (Azerbaýjan Respublikasy) arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen resminamalaryň sanawynyň üstüni ýetirdi.

Agşam Arkadag şäheriniň merkezi seýilgähinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Agşamky asmanda täze şäheriň ajaýyplyklaryny, Türkmenistanyň kartasyny, milli gölleri, taryhy gymmatlyklary şekillendiren dronlaryň şüweleňi hem-de köpöwüşginli feýerwerk baýramçylygyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.

Täze şäher açylyş pursadyndan başlap, iri halkara çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Olar “Arkadag” gazetiniň ilkinji sanynda we adybir teleýaýlymyň gepleşiklerinde hem öz beýanyny tapdy.

Bu ýerde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen şäherleriň häkimleriniň duşuşygy geçirildi.

Ýurdumyzda ilkinji “akylly” şäheriň açylmagyna bagyşlanan halkara mediaforumda bellenilişi ýaly, bu ägirt uly taslama türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletiň ösüşiniň geljegine oňat düşünýändigine hem-de türkmenistanlylaryň döredijilik kuwwatyny täze pikirleridir başlangyçlary durmuşa geçirmäge gönükdirýändigine şaýatlyk edýär.

Täze açylan şäheriň “Märkaw” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda dünýäniň dürli ýurtlarynyň, halkara we sebit guramalarynyň, abraýly maýa düzümleriniň, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda “Akylly” şäher Arkadag” atly halkara maýa goýum forumy geçirildi. Özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak esasy meseleleriň hatarynda boldy.

“Arkadag şäheri — sanly we “akylly” tehnologiýalaryň mekany” atly halkara ylmy maslahatda bu ägirt uly taslamanyň Türkmenistan üçin ähmiýeti we ony mundan beýläk-de durmuşa geçirmekde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda “Türkmenistanyň lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasy” atly halkara maslahat geçirilip, onda ýurdumyzyň saglygy goraýyş pudagynda ýetilen üstünliklere, ýerine ýetirilmeli ilkinji nobatdaky wezipelere we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerine garaldy.

Täze şäheriň oba hojalyk toplumynyň edara binasynda geçirilen “Arkadag şäheri — ahalteke bedewleriniň mekany” atly halkara maslahatda atçylygy ösdürmek, bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlary boýunça çykyşlar edildi.

Döwletmämmet Azady adyndaky şäher kitaphanasynyň mejlisler zalynda “Arkadag şäheri — “akylly” we “ýaşyl” tehnologiýalar şäheri” atly halkara maslahat geçirildi.

Mundan başga-da, täze şäherde futbol boýunça tälimçileriň halkara okuw maslahaty, şeýle hem bu ýerdäki täze stadionda ýerli futbol toparynyň hem-de ýurdumyzyň häzirki çempiony “Ahal” toparynyň arasynda ilkinji duşuşyk guraldy.

Geçen hepdäniň möhüm wakalarynyň hatarynda hormatly Prezidentimiziň 26-njy iýunda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatyny görkezmek bolar. Onda ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmegiň we oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly meselelere seredildi.

Ekin meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini bellän döwlet Baştutanymyz hereket edýän ähli düzümleriň bökdençsiz we sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşyna taýýarlyk görmek Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 28-nji iýunda geçirilen bilelikdäki mejlisiniň esasy meselesi boldy. Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz 2024-nji ýylda Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Arkadag şäherinde nobatdaky Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Karara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi tamamlanandan soňra, oňa gatnaşanlara Gahryman Arkadagymyzyň zehininden dörän “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitaby hem-de täze şäheriň suratly görnüşlerini özünde jemleýän “Arkadag şäheri — geljegiň şäheri” atly neşir gowşuryldy.

28-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň açylyş dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirjini kabul etdi. Myhman häzirki döwürde sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanyň özboluşly keşbini döretmäge goşan şahsy goşandyny nazara alyp, dabaraly ýagdaýda döwlet Baştutanymyza “Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin” atly medaly gowşurdy. Bildirilen ýokary hormat üçin minnetdarlygyny beýan edip, hormatly Prezidentimiz Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşigi bilen hyzmatdaşlyk etmegiň, şol sanda şäher gurluşygyny kämilleşdirmekde dostlukly ýurtlaryň inženerçilik gazananlary babatda tejribe alyşmagyň mümkinçiliklerini nygtady.

Şeýle hem şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Alibek Niýatbekzodany kabul etdi. Duşuşygyň barşynda türkmen-täjik syýasy dialogynda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň, sebit düzümleriniň çäklerinde ysnyşykly gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar dürli ulgamlary, şol sanda syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, bilim, ulag we beýleki ulgamlary öz içine alýar. Biziň maksadymyz halklarymyzyň abadançylygy üçin olaryň ählisi boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmekden we özara düşünişmegi pugtalandyrmakdan ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

30-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we özüne toý sowgady hökmünde iberen, Türkiýäniň önümi bolan “TOGG” kysymly täze elektromobiller üçin minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşler birek-birege ynanyşmak we hormat goýmak esasynda ýola goýulýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki derejesine ýokary baha berip, hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge we olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar. Taraplar ähli musulmanlaryň mukaddes baýramy bolan Gurban baýramy mynasybetli iki halkyň adyna gyzgyn gutlaglaryny beýan etdiler.

Gurban baýramynyň ilkinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýolbaşçylygynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň üçünji mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda geňeşiň agzalarynyň terbiýeçilik, öwüt-ündew, wagyz-nesihat, ösüp gelýän ýaş nesilleri goldamak babatda ýerlerde alnyp barylýan işler, obadyr şäherleriň ýagdaýlary, şeýle hem şanly senelere taýýarlyk, Halk Maslahatynyň ýaşulularynyň Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyşyna we beýleki çärelere gatnaşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem howandarlyga mätäç çagalara goldaw bermegiň çäginde alnyp barylýan işlere, hususan-da, çagalar öýlerinde terbiýelenýän çagalar üçin döredilýän şertler, olara türkmeniň milli däpleri esasynda mynasyp at dakmak barada degişli çözgütleri kabul etmek, Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Saud Arabystany Patyşalygyna, mukaddes Mekgä amala aşyryljak sapara taýýarlyk bilen bagly meselelere garaldy.

28-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligine hem-de “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahata, Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyşy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda dürli ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyr hem-de Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryny ulanmaga bermegiň çäginde önümçilik hem-de hyzmat ediş desgalarynyň gurluşygy bilen bagly göz öňünde tutulan taslamalary durmuşa geçirmekde doganlyk ýurduň işewürleriniň gatnaşmaklary üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygy nygtaldy.

Täze şäheriň ekologik nukdaýnazardan ýokary baha mynasypdygy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirji bilen duşuşygynyň barşynda bellenildi. Myhman bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdi we türk tarapynyň Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň taslamalarynyň amala aşyrylmagyna gatnaşmaga taýýardygyny belledi.

Şol gün Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Türki medeniýetiň halkara guramasynyň iň ýokary sylagy bolan “TÜRKSOÝ” ordeni we Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň “Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin” atly medaly bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Bellenilişi ýaly, bu sylaglar Gahryman Arkadagymyzyň türki medeniýeti ösdürmekde we türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamakda, türki dünýäniň bitewüligini pugtalandyrmakda tagallalarynyň, dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işleriniň ykrar edilmeginiň nyşany bolup durýar.

29-njy iýunda Mekge şäherinde haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygynda saparda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Özbek Lideri Gahryman Arkadagymyzy doglan güni hem-de Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Söhbetdeşler söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa we oba hojalygy ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge, sebitara gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassykladylar.

Telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni we Arkadag şäheriniň açylmagy bilen gutlady. Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy şeýle hem Prezident Wladimir Putiniň mähirli salamyny we bu şanly sene mynasybetli gutlaglaryny ýetirdi. Taraplar ynsanperwer ulgamda özara hyzmatdaşlygy, parlamentara aragatnaşygy mundan beýläk-de giňeltmegiň ugurlaryna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Mekge şäherinde haj parzynyň däp-dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygynda saparda bolan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 30-njy iýunda dünýäniň iň uly Al-Haram metjidinde juma namazyna gatnaşdy. Hajy Arkadagymyz türkmen zyýaratçylarynyň, ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň we özüniň maşgala agzalarynyň hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň resmi wekilleriniň gatnaşmagynda gurbanlyk sadakasyny berdi.

Saparyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiriniň ýörite wekili Hadi bin Ali Al Marri, Patyşa Abdulaziz adyndaky Halkara howa menzilinde bolsa Jidda şäheriniň häkimi Şazada Saud bin Abdullah bin Jalawi Al Saud we Yslam ösüş bankynyň prezidenti Ahmad Mohamed Ali Al-Madani bilen duşuşdy. Duşuşyklaryň barşynda netijeli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge bolan ynam mälim edildi.

Geçen hepdäniň möhüm wakalarynyň hatarynda Aşgabat şäherinde geçirilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahat hem bar. Maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň köpasyrlyk paýhasly ýörelgelerini, onuň şahyrana diliniň gözelligini özünde jemleýän hem-de Ýer ýüzüniň her bir adamy üçin ýakyn bolan gymmatlyklary wagyz eden Magtymguly Pyragynyň zehinine aýratyn sarpa goýulýandygyny nygtadylar.

Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş gününde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde Gündogaryň akyldary we beýik nusgawy şahyrynyň ýadygärligine gül goýmak çäreleri geçirildi.

Döredijilik forumynyň çäklerinde Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Halkymyzyň özboluşly däp-dessurlarynyň şöhlelenmesini özünde jemlän ajaýyp sahna we folklor çykyşlary bu ýere gelen köp sanly tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Şol günlerde paýtagtymyzda geçirilen Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi hem öz işini tamamlady.

29-njy iýunda Türkmenistanyň Mejlisinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy Masuşita Şinpeý bilen bolan duşuşykda kanunçykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň, parlamentara gatnaşyklaryň bar bolan kuwwatyny giňden ulanmagyň meselelerine garaldy.

Şeýlelikde, geçen hepdede bolup geçen wakalar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýagty geljege tarap ynamly öňe barýan Türkmenistan döwletimizde durmuş ulgamynyň ähli ugurlarynyň, ykdysadyýetiň we halkyň durmuş şertleriniň mundan beýläk-de ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen uly maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezdi.