Ï Azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi — Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm wezipesi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi — Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm wezipesi

view-icon 11608

Azyk senagaty pudagyny ösdürmek hem-de ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek meseleleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanýar. Ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek, oba hojalyk işleriniň barşy we bu ugra degişli beýleki meseleler Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň, iş maslahatlarynyň gün tertibine girizilýär. Döwlet Baştutanymyz 10-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlary möwsüme taýýarlamak, gowaça we şaly ekilen meýdanlarda geçirilýän ideg işleriniň, şugundyr ekişiniň öz wagtynda geçirilmegini gözegçilikde saklamak boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Arheologik maglumatlaryň tassyklamagyna görä, türkmen halky ekerançylygyň ilkinji medeniýetini esaslandyrypdyr. Halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda topragy özleşdirmegiň hem-de bugdaýy ösdürip ýetişdirmegiň köpasyrlyk tejribesini toplapdyr. Çörege ähli döwürlerde-de maddy gymmatlyk hökmünde garalyp, ol bolçulygyň, rowaçlygyň nyşany hasaplanypdyr. Bugdaýyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilmegi türkmen topragynyň sahawatyny, saçaklarymyzyň berekedini, halkymyzyň abadançylygyny we ýurdumyzyň gülläp ösüşini alamatlandyrýar.

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 7-nji iýulynda geçirilen mejlisinde Balkan welaýatynyň edermen gallaçylarynyň döwlete bugdaý tabşyrmak boýunça meýilnamany üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habar aýdyldy. Häzirki wagtda galla hasylyny ýygnamak işi ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde-de dowam edýär. Ýygnalan hasyl däne kabul ediş bölümlerinden ammarlara öz wagtynda we ýitgisiz daşalýar. Şunuň bilen bir hatarda, gowaça meýdanlaryna ideg etmek, ösdürilip ýetişdirilen ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, ony ilatymyza ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi dowam edýär.

Täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, oba hojalyk düzümleri üçin bäsdeşlik gurşawyny döretmek, ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, oba hojalyk ylmyny, hususan-da, tohumçylygy ösdürmek, täzeçil usullary, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary giňden ornaşdyrmak obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň möhüm ugurlarydyr. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek maksadyndan ugur alnyp, anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Şunda däneçilik, pagtaçylyk bilen bir hatarda, maldarçylyk, guşçulyk, bagçylyk, üzümçilik, bakjaçylyk, balçylyk we beýleki ugurlar işjeň ösdürilýär.

Diýarymyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýanyň hem-de Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Pudagyň öndürýän önümlerine bolan isleg hasaba alnyp, oba hojalyk önümçiligini howa şertlerine uýgunlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Türkmenistan bu ugurdaky halkara tagallalary goldamak arkaly degişli meseleleri çözmek üçin geljegi nazarlaýan deňeçer çözgütleri işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýär.

Azyk howpsuzlygyny berkitmek we azyk bolçulygyny üpjün etmek ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarydyr. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda guramanyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyz 2015-nji ýylda üçünji müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň biri hökmünde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda gazanan üstünligi üçin FAO-nyň ýörite baýragyna mynasyp bolupdy.

Paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlardaky söwda merkezleriniň we bazarlaryň tekjelerinde harytlaryň dürli görnüşleriniň bol bolmagy daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri, şol sanda azyk önümlerini öndürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi milli ykdysadyýetimiziň azyk senagaty pudagyny ösdürmegiň, halkymyzyň ýokary hilli we dürli görnüşli azyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmagyň ýolunda wajyp ädime öwrüldi.

Degişli maksatnamanyň çäklerinde oba hojalygynda we azyk senagatynda hem onlarça taslamalar durmuşa geçirilýär. Şunda öňde durýan sepgitlere ýetmekde döwletdir işewürlik tagallalarynyň birleşdirilmegini öz içine alýan döwlet we hususy taraplaryň hyzmatdaşlygyna möhüm orun berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň görkezmeleri esasynda ýurdumyzyň her bir sebitinde iri maldarçylyk hem-de guşçulyk toplumlarynyň gurluşyklary alnyp barylýar. Iýmlik ekinleri ekmekden, iýmlik goşundylary öndürmekden we almakdan başlap, eti, ýarym fabrikatlary satmak üçin taýýar görnüşe getirmäge çenli bolan ähli işlerde bökdençligiň bolmazlygyny üpjün etmek täze gurulýan kärhanalaryň häsiýetli aýratynlygydyr.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň hereket edýän netijeli önümçilik ulgamy, bir tarapdan, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmaga, beýleki bir tarapdan bolsa kärhanalaryň düşewüntliligini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Ýyladyşhanalar şäherleriň we obalaryň ilatyny ýylboýy gök önümler bilen üpjün edýär. Ýurdumyzyň kärhanalarynda gaplanan miweleriň, gök önümleriň, şireli miwe suwlarynyň, dürli görnüşli aş, çörek we konditer önümleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Ähli işleri awtomatlaşdyrylan täze sowadyjy ammarlar guruldy we gurulýar. Azyk önümleri saklanylýan döwrebap ammarlar ýörite enjamlar, ýükleýji-düşüriji tehnikalar, göteriji gurallar bilen enjamlaşdyrylandyr.

Zähmetiň ýokary derejede mehanizasiýalaşdyrylmagy hem-de awtomatlaşdyrylmagy oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Oba ýerlerinde işçi hünärleriniň derejesini we abraýyny ýokarlandyrmak üçin degişli çäreler geçirilýär, ýaş hünärmenler höweslendirilýär, ilatyň iş orunlary bilen üpjünçiligi gowulandyrylýar.

Obasenagat toplumynyň inženerçilik-tehniki üpjünçilik meseleleri innowasion esasda çözülýär, şol sanda iň täze kysymly tehnikalar satyn alnyp, olar ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýär. Türkmen ekerançylary dünýäniň öňdebaryjy oba hojalyk tehnikalaryny öndüriji kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşlary bolan «John Deere» we «CLAAS» kompaniýalary bar.

Himiýa senagatynda hem ýokary görkezijiler gazanylýar. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy mineral dökünler bilen üpjün edilýär. Önümçilige işjeň ornaşdyrylýan öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de ylmy işläp taýýarlamalar ata-babalarymyzyň köpasyrlyk ekerançylyk tejribesi bilen utgaşdyrylýar. Munuň özi oba hojalyk pudagynyň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin berk binýady emele getirýär.

Oba zähmetkeşlerine döwlet tarapyndan dürli ýeňillikleriň, şol sanda önümçilik harajatlarynyň peseldilmegine gönükdirilen mümkinçilikleriň döredilýändigini bellemek gerek. Şol ýeňillikler «Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda», «Däneçilik hakynda», «Pagtaçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararlary bilen berkidilendir. Döwlet tabşyryklary esasynda oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän ekerançylara ýer bölekleriniň uzak möhletleýin kärendesine berilmegi, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleriniň döredilmegi diňe bir hususy ýerden peýdalanýanlaryň däl, ýer eýeleriniň, netijeli işleýän daýhan hojalyklarynyň we birleşikleriniň kemala gelmegine-de ýardam berýär. Obada bazar gatnaşyklarynyň kemala gelmegine gönükdirilen hojalygy ýöretmegiň täze usullaryna geçilmegi bazarlary ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşli önümler bilen üpjün etmäge, obasenagat toplumynyň eksport kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady strategiýasynda obasenagat toplumyny hem-de beýleki pudaklary okgunly ösdürmegiň möhüm şerti bolan suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna, daşky gurşawyň goralmagyna, halkymyzyň amatly ýaşaýyş-durmuş şertleriniň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Häzirki wagtda suw hojalygy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Bu ulgamyň tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna iri möçberli maliýe serişdeleri gönükdirilýär, ähli welaýatlarda täze gidrotehniki desgalar yzygiderli ýagdaýda ulanmaga berilýär. Suw hojalyk toplumynda geçirilýän giň gerimli özgertmeler ylmy işläp taýýarlamalaryň, innowasion tehnologiýalaryň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygynyň we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu pudagyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Ýurdumyzyň dag etegindäki sebitlerde sil suwlaryny ýygnamak üçin niýetlenen suw howdanlaryna aýratyn orun degişlidir. Olar sil suw akymlarynyň ýetirýän zyýanynyň öňüni almaga, ýygnanan suwy ilatyň hojalyk zerurlyklary, ýagny ekerançylyk, üzümçilik we agaç nahallary ekilen meýdanlary suwarmak üçin peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Welaýatlarda-da suw howdanlary guruldy we gurulýar. Olar suw akymlarynyň bellenilen ugurlar boýunça bökdençsiz geçirilmegini üpjün edýär. Suw hojalygynda häzirki zaman, ekologik taýdan kämil tehnologiýalar ornaşdyrylýar, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna gözegçiligi ýokarlandyrmak üçin degişli çäreler amala aşyrylýar.

Şunda iri möçberli milli taslamanyň amala aşyrylmagy — Garagum sährasynyň jümmüşinde täsin «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Ynsan eli bilen kemala gelýän, örän çylşyrymly gidrotehniki ulgam bolan bu suw howdanynyň döredilmegi möhüm ekologik, ykdysady we durmuş meselelerini üstünlikli çözmäge, Türkmenistanyň çäklerinde hem, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde hem uzak möhletleýin ekologik abadançylygy üpjün etmek wezipesiniň üstünde netijeli işlemäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistan suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, serhetüsti suwlary peýdalanmak meseleleri boýunça oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş etmek bilen, bu ulgamda möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Olarda halkara hukuk kadalaryna hem-de sebitiň ähli döwletleriniň bähbitleriniň doly hasaba alynmagyna aýratyn üns berilýär. Biziň ýurdumyzyň 2012-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Serhetüsti suwlary hem-de halkara kölleri peýdalanmak we goramak hakynda Konwensiýasyna goşulmagy bu ugurdaky ähmiýetli ädim boldy. Bu babatda «Altyn asyr» Türkmen köli, hakykatdan-da, innowasion häsiýetli taslama bolup, ýurdumyzyň dünýäniň suw serişdelerini we daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly ählumumy meseleleriniň oňyn çözülmegine uly goşant goşýandygynyň subutnamasydyr. Ol Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Helsinki konwensiýasynyň hem-de bu ugurdaky beýleki halkara ylalaşyklaryň kadalaryny üýtgewsiz berjaý edýändigini tassyklaýar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri mundan beýläk-de üstünlikli çözmek maksady bilen, milli ykdysadyýetimiziň azyk senagaty pudagynyň okgunly ösdürilýändigini, öndürilýän önümleriň möçberiniň artdyrylýandygyny hem-de hiliniň ýokarlandyrylýandygyny, olaryň görnüşleriniň giňeldilýändigini ynam bilen aýtmak bolar. Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň esasy maksatlarynyň biridir.