Ï Durmuş we ykdysady ösüşiň täze belentliklerine tarap
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Durmuş we ykdysady ösüşiň täze belentliklerine tarap

view-icon 4076

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, ösüşiň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny mundan beýläk-de baýlaşdyrmak, abadan durmuşyny üpjün etmek, Watanymyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmak ýaly ileri tutulýan wezipeler geçen hepdäniň wakalarynda öz beýanyny tapdy.

Hormatly Prezidentimiziň 10-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek bilen bagly meselelere, şeýle hem oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna seredildi. Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda dowam edýän oba hojalyk möwsüminiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de onuň agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirilmegi babatda görkezmeleri berdi.

10-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, özbek Liderini Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň Prezidentleri türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak hem-de köpugurly esasda giňeltmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şol gün telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlikde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi hem-de onda gazanan ynamly ýeňşi bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi tüýs ýürekden gutlady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň geljekde-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

14-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Prezident Maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň beýleki maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler bilen baglanyşykly we guramaçylyk meseleleri girizildi.

Döwlet Baştutanymyz ministrlikleriň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hasabatlaryny diňläp we olaryň işlerine baha berip, ministrlikler, pudak edaralary tarapyndan şu ýylyň alty aýynyň önümçilik meýilnamalarynyň, Prezident Maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň, öňde goýlan wezipeleriň, desgalaryň gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişini seljermegiň dowam etdirilmelidigine ünsi çekdi. «Elektron salgyt» ulgamyny doly işe girizmegi çaltlandyrmak, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişini hemişe üns merkezinde saklamak zerurdyr. Şeýle hem «Erkin ykdysady zolaklar hakynda» we «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryndan gelip çykýan kadalaşdyryjy namalary taýýarlamak, bu ugurda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenip, işleri netijeli guramak tabşyryldy.

Giňişleýin mejlisde “Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek” şygary astynda geçen ýylyň dekabr aýynda geçirilen ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň netijeleri barada habar berildi. Ilat ýazuwyna taýýarlyk görmegiň we ony geçirmegiň usulyýet gollanmalary halkara standartlara laýyklykda işlenip taýýarlanyldy we bu babatdaky işler BMG-niň Ilat gaznasynyň ýokary derejeli bilermenleriniň oňyn bahasyna mynasyp boldy. Ilat ýazuwynyň netijeleri boýunça 2022-nji ýylyň 17-nji dekabry ýagdaýyna görä, ýurdumyzyň ilatynyň umumy sany 7 million 57 müň 841 adama deň boldy. Diýarymyzyň bu senede ýazylan ilatynyň 22,9 göterimi Mary welaýatynyň, 22 göterimi Daşoguz welaýatynyň, 20,5 göterimi Lebap welaýatynyň, 14,6 göterimi Aşgabat şäheriniň, 12,5 göterimi Ahal welaýatynyň we 7,5 göterimi Balkan welaýatynyň paýyna düşdi. Ilatyň 50 göterime golaýy erkekler, 50 göterimden gowragy aýal-gyzlar bolup, ýurdumyzyň umumy ilatynyň 47,1 göterimi şäher, 52,9 göterimi oba ilatyndan ybarat boldy.

Türkmenistanyň ähli ilatly ýerlerinde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň ýokary depginlerde alnyp barylýandygyny geçirilen ilat ýazuwynyň maglumatlary hem tassyklady. Ýaşaýyş binalarynyň sany 1 million 5 müň 671-e deň bolup, 2012-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwy bilen deňeşdirilende, 12,4 göterim artdy. Ýaşaýyş jaýlarynyň sany 1 million 344 müň 268-e deň bolup, 13,6 göterim, olaryň umumy meýdany bolsa 165 million 167 müň 523 inedördül metr bolup, 24,5 göterim artdy. Umuman, alnan statistiki maglumatlar ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny taýýarlamakda uly maglumat binýady bolup hyzmat eder.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynyň, hususan-da, nebitgaz toplumyna degişli kärhanalaryň önümçiligini artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak we toplumlaýyn çäreleri geçirmek işini dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Mundan başga-da, ilata «Bir penjire» elektron görnüşli dürli döwlet hyzmatlaryny ýola goýmak, tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda jemgyýetçilik ulag hyzmatlarynyň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, howa gatnawlarynyň sanyny artdyryp, hyzmatlary talabalaýyk ýola goýmak Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň öňünde duran ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda görkezildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň doly güýjünde ulanylmagynyň üpjün edilmeginiň möhümdigini, deňiz we derýa ulaglarynda daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmagyň, hyzmatlaryň täze daşary ýurt ugurlarynyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça degişli işleriň geçirilmelidigini belledi.

Içerki bazaryň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmak üçin söwda toplumynyň önümçilik kuwwatyndan doly peýdalanmak, şol sanda elektron söwdalary guramak, bu işe sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly dokma önümleriniň hilini we möçberini, daşarky bazarda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak üçin toplumlaýyn çäreleriň görülmegi möhümdir. Çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň işini talabalaýyk guramak, bu mekdepleriň okuw meýilnamalaryna täzeden seredip, olary döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek, taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak üçin netijeli işleri ýola goýmak medeniýet edaralarynyň ilkinji wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Bilim ulgamynyň edaralarynyň täze okuw ýylyna toplumlaýyn taýýarlyk görmekleri, orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýeňil hem-de düýpli abatlaýyş işlerini geçirmekleri zerurdyr.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmek, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirmek, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmak tabşyryldy. Şeýle-de bilim maksatnamalarynydyr meýilnamalaryny kämilleşdirmek, mekdepleri okuw kitaplary, gollanmalar bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy bilen bagly meselä degip geçip, döwrebap hassahanalarda hyzmatlary ýokary hilli ýola goýmagyň, lukmanlaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belledi. Derman senagatyny has-da ösdürmek, ilaty ýokary hilli derman we saglygy goraýyş serişdeleri bilen doly üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigine üns çekildi. Oba hojalyk önümleriniň, hususan-da, gallanyň we gowaçanyň hasylyny artdyrmak üçin guramaçylyk, usuly işleri güýçlendirmek, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän bugdaý tohumyny ekmek, onuň ätiýaçlyk goruny döretmek oba hojalyk toplumynyň esasy wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz ýokary hilli, ekologik taýdan arassa azyk we beýleki oba hojalyk önümleriniň, ot-iýmlik ekinleriň önümçiligini artdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi, Türkmenistanyň sanitariýa we fitosanitariýa kadalaryny, karantin düzgünlerini halkara tejribeden ugur alyp kämilleşdirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Döwlet ýer kadastry maglumatlarynyň ýeke-täk ulgamynyň ähmiýetini belläp, ony şu ýylyň ahyryna çenli işe girizmek üçin işleri çaltlandyrmak barada görkezme berdi.

Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar», hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty alyp barýandygyny tassyklap, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ekologiýa ugurly başlangyçlaryny öňe sürmek we bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, geçen ýarym ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýeti netijeli ösdi, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli dürli harytlary öndürýän täze kärhanalary döretmek boýunça zerur işler alnyp baryldy. Daşary syýasy ugry durmuşa geçirmegiň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasy we beýleki iri halkara guramalar bilen işjeň gatnaşyklara ähmiýet bermek bilen, energetika we suw howpsuzlygy, ekologik meseleler babatda ysnyşykly hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar. Şunda ulag, bilim we medeniýet ulgamlaryny ösdürmek, adam hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, ählumumy howpsuzlygy berkitmäge gönükdirilen netijeli işler ýola goýuldy.

Geçen ýarym ýylda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterime deň boldy. Ýurdumyzda senagat hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerimde dowam etdirilýär. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 1 milliard 400 million manatdan gowrak möçberde düýpli maýa goýumlar özleşdirildi. Bu döwürde «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyk gelýän Arkadag şäheriniň açylyşy geçirilip, ol halkara sylaglaryň 21-sine mynasyp boldy. Şäheriň gurluşygynda öňdebaryjy maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagy ilat üçin oňaýly, howpsuz durmuşy üpjün eder.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 1 million 400 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Senagat desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň we beýleki desgalaryň gurluşyklary meýilnama esasynda alnyp barylýar. Şu ýyl gallanyň bol hasyly ýygnaldy. Bu bolsa azyk howpsuzlygyny üpjün edýär. Ýurdumyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek syýasaty kesgitlenen meýilnamalara laýyklykda dowam etdirilip, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, şeýle hem beýleki sebit taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol bir wagtyň özünde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmegiň, eksport harytlarynyň möçberini artdyrmagyň, elektron senagaty döretmegiň döwlet maksatnamalarynyň netijeli amala aşyrylýandygy nygtaldy.

Ykdysady we maliýe durnuklylygyny gazanmak, iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini artdyrmak, pudaklara sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, bilim ulgamyny ösdürmekde we ýaşlar syýasatyny amala aşyrmak işleri häzirki döwrüň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Möhüm wezipeler barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň ikinji ýarymynda köp sanly möhüm halkara hem-de milli çäreleriň meýilleşdirilendigini belledi. Hemişe bolşy ýaly, döwletimiziň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlary örän ýokary derejede geçirilmelidir, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine taýýarlyk işleri degişli derejede alnyp barylmalydyr, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge düýpli taýýarlyk görülmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda ýokary üstünlikleri gazanan, il içinde uly abraýdan peýdalanýan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak üçin hödürlemek hem-de resmileşdirmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Bu işler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, soňra bolsa Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda ýerine ýetirilmelidir.

Şeýle hem oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan we welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berildi. Ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi “Awazada”, “Arçmanda” we “Ýyly suwda” ýa-da beýleki şypahanalarda dynç alyp biler.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz birnäçe resminamalara gol çekdi. Şolaryň hatarynda 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda Perman hem-de Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bölünmegi arkaly, onuň binýadynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmek we olara ýolbaşçylary bellemek hakynda Permanlar bar. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy, sebitleýin dolandyryş ulgamy, ykdysadyýet, bilim pudaklary, bedenterbiýe we sport ugruna degişli, Türkmenistanyň çäginiň sanitariýa taýdan goralmagynyň Düzgünlerini tassyklamak hakynda birnäçe Permanlara we Kararlara, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek bilen bagly resminamalara gol çekilip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetleriniň çözgütleri tassyklanyldy.

Şeýle hem geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek hakynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, degişli guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

15-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän türkmen-täjik geňeşmelerine gatnaşmak üçin paýtagtymyza sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz we myhman döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine ynam bildirip, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ugurlarda, medeniýet, bilim, ulag we beýleki ulgamlarda iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

10-njy iýulda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabaraly ýagdaýda geçen çärä Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we işgärleri, hormatly ýaşulular, talyplar gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitaby türkmen halkynyň taryhyna has giňişleýin garamaga, milli özboluşlylygy, däp-dessurlary, durmuş ýörelgeleri bilen tanyşmaga, halkymyzyň dünýäniň ylmy, ykdysady, medeni ösüşine goşan saldamly goşandyna düşünmäge mümkinçilik berýär. Onda ata-babalarymyzyň beýik işleri, halkymyzyň ruhy gymmatlyklary, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň ýörelgeleri, türkmen topragynyň gülläp ösüşleri hakynda söz açylyp, taryhyň, şu günüň, geljegiň özara baglanyşygy barada çuňňur oýlanmalar beýan edilýär.

12-nji iýulda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň nobatdan daşary umumy ýygnagy geçirildi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde birleşmäniň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri girizildi, şeýle hem hususy ulgamy goldamak boýunça çäreler, birnäçe guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň esasy wakalary Watanymyzyň okgunly ösüşiniň aýdyň nyşany bolmak bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň we ägirt uly işleriň netijeli häsiýete eýe bolan halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda ösüşiň ýokary görkezijilerine ýetmäge, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.