Indiki ýyl akyldar, nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini halkara derejesinde giňişleýin bellemegiň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Ankaradaky edarasynda «Magtymguly Pyragy we türki halklaryň edebiýaty» atly halkara ylmy maslahat geçirildi.
Maslahata daşary ýurtly tanymal alymlar, medeniýet we sungat işgärleri, Türkiýedäki daşary ýurt ilçihanalarynyň işgärleri, uniwersitetleriň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory D.Orazsähedow, institutyň türkmen edebiýaty we edebi gatnaşyklary bölüminiň uly ylmy işgäri B.Toýlyýewa, tekstologiýa we edebi miras bölüminiň uly ylmy işgäri G.Tagandurdyýewa gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleriniň, Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň dünýä halklarynyň dillerine terjimesiniň we türkmen milli amaly-haşam sungat işleriniň nusgalarynyň sergisi guraldy.
Maslahatdaky çykyşlar beýik türkmen nusgawy şahyrynyň edebi mirasyna, onuň şygryýetiniň türk we beýleki türki halklaryň medeniýetine täsirine, şahyryň Watana, durmuşa, dünýä, ynsana, söýgä we dostluga filosofik garaýşyny açyp görkezmäge, şeýle hem goşgularynyň terjimesi babatda dürli ýurtlarda alnyp barylýan ylmy-barlag we döredijilik işlerine bagyşlandy. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Magtymguly Pyragy öz eserlerinde dünýäniň ösüşi, adamzadyň geljegi, milli medeni gymmatlyklara hormat goýýan her bir adamy gyzyklandyryp biljek möhüm meseleleri gozgady. Alymlar we medeniýet işgärleri türkmen halkynyň beýik oglunyň dürli ýaşdaky adamlary we dürli medeniýetleriň wekillerini ruhy taýdan kämilleşdirmäge ruhlandyrýan paýhasly akyldar şahyryň döredijiliginiň ählumumy ähmiýeti barada umumy bir pikir aýtdylar.
Halkara ylmy maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory Dawut Orazsähedow «TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygy» medaly, oňa gatnaşyjylar bolsa Guramanyň hormatly nyşany bilen sylaglanyldy. Türkmen akademiki institutynyň wekillerine Türkiýe Respublikasynda neşir edilen Magtymgulynyň edebi mirasyny öwrenmek boýunça neşir edilen işleriň we goşgularynyň terjimeleri berildi. Şahyryň eserini öwrenmek boýunça giňişleýin maglumatlar bolan türk ýazyjylarynyň bu kitaplary dünýä jemgyýetçiligini türkmen filosof şahyrynyň ynsanperwer pikirleri bilen tanyşdyrmakda uly goşantdyr.
Halkara ylmy maslahat medeniýetleri ýakyn iki doganlyk halkyň medeni we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygyny ýene bir gezek subut etdi hem-de Türkmenistanyň Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen medeni hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda ýene bir ädim boldy.