Ï Talyplar bäsleşigi: Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryny gurmak babatda ýaşlaryň pikirleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Talyplar bäsleşigi: Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryny gurmak babatda ýaşlaryň pikirleri

view-icon 3717
Talyplar bäsleşigi: Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryny gurmak babatda ýaşlaryň pikirleri

Aşgabatda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen bilelikde 

guramagynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň toparlarynyň arasynda hakaton (ýaryş) geçirildi.

Talyplar ýaryşynyň çäklerinde emin agzalary Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji nobatynyň, hususan-da, onuň medeni-dynç alyş zolagynyň gurluşygy üçin bäsleşige gatnaşanlaryň programmalaşdyrmak we inženerçilik ulgamyndaky teklip-taslamalaryna garady hem-de olara baha berdi. Bäsleşik: «Arkadag şäheriniň ikinji nobatdakysynyň medeni-dynç alyş toplumynyň gurluşygy üçin teklipler»-diýlip atlandyrylýar.

Hakaton- IT ulgamyndaky toparlaryň arasyndaky bäsleşik bolup, oňa gatnaşyjylar müşderiniň tabşyrygy boýunça belli bir meseläni çözmek üçin ykjam programmanyň, web hyzmatynyň ýa-da başga önümiň belli bir wagtda prototipini döredýärler.

Talyplaryň tekliplerine baha berlende, pikirleriň ýerlikliligi, özboluşlylygy, täzeligi we kreatiwligi, olaryň amaly ähmiýeti we toparlaýyn işiň netijeliligi göz öňünde tutuldy.

Bäsleşigiň jemlerine laýyklykda, birinji orny Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplar toparlary paýlaşdylar.

Ikinji orny ýokary okuw mekdepleriniň üçüsiniň  ̶ Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplar toparlary gazandylar.

Bäsleşigiň jemleri boýunça üç ýedi orny Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň toparlary eýelediler.

Bäsleşigiň ýeňijileri we baýrakly orunlary eýelänler degişli derejeli diplomlar bilen sylaglanyldy. Ýaryşa gatnaşan ýokary okuw mekdepleriniň ýene 4-siniň toparlaryna höweslendiriji baýraklar berildi.

Şeýle çäreleriň geçirilmegi ýaşlaryň ylymlary öwrenmäge höwesiniň ösmegine, dürli ugurlarda ylmy barlaglary özbaşdak geçirmäge, häzirki zaman innowasiýalary we dünýä tejribesini özleşdirmek islegine, ýurdumyzyň ösüşine gatnaşmagyň we goşant goşmagyň zerurlygyna hem-de ähmiýetine düşünmäge kömek edýär, şeýle hem ýaşlary täze üstünliklere höweslendirýär.

Ýaş alymlaryň, işe ýaňy başlan hünärmenleriň, talyplaryň çekilmegi, olaryň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň taslamalaryny durmuşa geçirmekde innowasiýa ideýalaryny ornaşdyrmak ýurdumyzyň ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlaryndan biridir.