Ï Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary

view-icon 5412

Şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge halkyň wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek hem-de Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy karar edýär:

1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmaly we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmeli.

2. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmeli.

3. Şulary tassyklamaly:

1) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümini;

2) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçilik wekillerini hödürlemegiň Tertibini.

4. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary şu Kararyň üçünji böleginde görkezilen Tertibe laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça jemgyýetçilik wekilleriniň sanawlaryny 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyna bermeli.

5. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwany Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly işlerde welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň halk maslahatlaryna guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermeli we bu işleri utgaşdyrmaly.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 18-nji iýuly.