Ï Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary

view-icon 7088

Ata-babalarymyzyň miras goýan pähim-parasatlaryny hemişe nusga edinmek türkmen halkynyň mukaddes ýörelgesidir. Ýaşululara hormat goýmak, olaryň mertebesini belende götermek pederlerimizden miras galan iň asylly däpleriň biridir. Ýaşulularyň jemgyýetdäki mynasyp ornuny, ösüp gelýän ýaş nesli halallyk, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik ruhunda terbiýelemekdäki hyzmatyny biz şanly taryhymyzda, edebi mirasymyzda, şu günki gündelik durmuşymyzda hem aýdyň görýäris.

Ýaşululary döwletimiziň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň çekmek, halkymyzyň jebisligini pugtalandyrmakda we döwlet ähmiýetli meseleleri parasatlylyk bilen maslahatlaşyp çözmekde olaryň baý zähmet hem-de durmuş tejribesini peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy karar edýär:

1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşini döretmeli.

2. Şulary tassyklamaly:

1) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň Düzgünnamasyny;

2) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň düzümini.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 18-nji iýuly.