Ï Daşoguz welaýatynyň Türkmen-Özbek serhetýaka zolagynda söwda merkezi gurlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynyň Türkmen-Özbek serhetýaka zolagynda söwda merkezi gurlar

view-icon 4883

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny has-da berkitmek maksady bilen hem-de “Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Daşoguz welaýatynyň Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda Söwda merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada öz garamagyndaky Alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň merkezi dolandyryş edarasynyň abatlaýyş-gurluşyk bölümi bilen şertnamany, daşarky eltiji elektrik, aragatnaşyk we suw üpjünçiliginiň inženerçilik ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we Söwda merkezini 2025-nji ýylyň iýul aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.