Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly täze bellenen wekili Rubem Antonio Korrea Barboza ýurdumyzyň ýokary mekdepleriniň wekilleri bilen duşuşdy.
Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinde Rubem Antonio Korrea Barboza iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça diplomatik işine şu ýylyň 19-njy iýulynda başlady.
Şundan ugur almak bilen, duşuşygyň esasy temasy, ilkinji nobatda, diplomat bilen tanyşlyk, şeýle hem Türkmenistan – Braziliýa hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meýilnamalary we geljegi boldy.
Ilçi gyzyklanýan diňleýjilere hünäri işiniň ýatda galan pursatlaryna we şonuň bilen baglanyşykly täsirli wakalara salgylanmak bilen, özüniň saldamly diplomatik, iş we durmuş tejribesi barada jikme-jik gürrüň berdi.
Hormatly myhman çykyşynda Türkmenistan bilen Braziliýanyň arasyndaky işdeşligiň we özara gatnaşyklaryň üstünlikli netijeleri barada durup geçdi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda taýýarlanylýan we durmuşa geçirilýän taslamalar barada-da söhbet edildi.
Diplomat ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýdanda, söwda we ykdysady, ylym we bilim, sport we syýahatçylyk ugurlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň, şeýle hem iki halkyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşant goşýan medeni gepleşikleriň güýçlendirilmeginiň mümkindigini nygtady.
Hormatly myhmanyň ýokary diplomatiýa mekdebinde mähirli garşylanmagy instituta gezelenç bilen dowam etdi, gezelenjiň barşynda ilçi türkmen diplomatiýasynyň taryhyna ökde orta mekdep okuwçylarynyň arasynda “Parahatlygyň ýaş çaparlary” atly intellektual bäsleşigini geçirmek üçin, ýörite gurlan Ak öýe-de girip-çykdy.