Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, ýylyň ikinji ýarymynda öňde durýan möhüm wezipeleriň biri hem başlanmagyna bir aýdan gowrak wagt galan täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri bolup durýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, täze okuw ýylyna toplumlaýyn taýýarlyk görüp başlamagyň hem-de orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýeňil hem-de düýpli abatlaýyş işlerini geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de bilim maksatnamalaryny we meýilnamalaryny kämilleşdirmegiň, mekdepleri okuw kitaplary, gollanmalar bilen ýeterlik möçberde üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.
Her ýyl Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýurmasy esasynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy umumybilim berýän orta mekdepler üçin okuw kitaplaryny, gollanmalary we iş depderlerini türkmen hem-de daşary ýurt dillerinde neşir edýär. Olar bolsa tejribeli alymlar we pedagoglar tarapyndan taýýarlanyp, bilim ulgamynyň ýörite hünärmenleri tarapyndan tassyklanylýar.
Täze okuw ýylyna taýýarlanan mekdep kitaplarynyň arasynda birinji synp okuwçylaryna niýetlenen kitaplar hem bar. Olar «Surat», «Çeper zähmet», «Aýdym we saz», «Türkmen dili», «Nemes dili», «Matematika» we «Informatikanyň esaslary» kitaplardyr.
Nemes dilinden kämilleşdirilen okuw kitaby 6-njy synplar, «Türkmen dili» we «Türkmenistanyň hukuk we döwlet esaslary» okuw kitaplary bolsa 9-njy synplar üçin neşir edildi. Türkmen we rus dillerinde okadylýan 10-njy synp okuwçylary üçin «Edebiýat», «Algebra», «Geometriýa», «Himiýa», «Informatika», «Özüňi alyp barmagyň medeniýeti» okuw kitaplary taýýarlandy.
Täze okuw kitaplary ýokary hili we bezegleriniň baýlygy bilen tapawutlanýar.