Ï Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumynda döwrebap medeni-dynç alyş seýilgähi gurlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumynda döwrebap medeni-dynç alyş seýilgähi gurlar

view-icon 5310

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aşgabat şäheriniň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmek hem-de şäheriň binagärlik-şähergurluşyk keşbini mundan beýläk-de gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine Aşgabat şäheriniň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda döwrebap medeni-dynç alyş seýilgähiniň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Nowa hyzmat” hususy kärhanasy bilen şertnamany, seýilgäh üçin elektrik, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň içerki we daşarky eltiji inženerçilik ulgamlaryny hem-de desgalaryny gurmak we umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň awgust aýynda başlamak we medeni-dynç alyş seýilgähini 2025-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.