Türkmenistanly mekdep okuwçylary 16 – 25-nji iýul aralygynda Sýurihde (Şweýsariýa) geçirilen 55-nji Halkara himiýa olimpiadasynda bir kümüş we üç bürünç medal gazandy.
Türkmenistandan baran milli toparymyzyň bu iri halkara olimpiadada çykyşy dört medal getirdi.
Arzyly medallara Aşgabat şäherindäki S.Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep-internatynyň okuwçylary eýe boldular. Bu abraýly ýaryşda mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Yhlas Jumaýew kümüş medal gazandy. Üç bürünç medala 11-nji synp okuwçylary Ýakup Annaorazow, Begzada Annaýew we 10-njy synp okuwçysy Aýgül Atajanowa mynasyp boldy.
Bu ýyl himiýa boýunça 55-nji halkara olimpiada dünýäniň 89 ýurdundan 350 töweregi mekdep okuwçysy gatnaşdy. Olimpiadanyň meýilnamasy amaly we nazary taýdan ýaryşlary öz içine aldy. Bäsleşigiň netijesi boýunça, dürli derejeli medallar bilen jemi 217 okuwçy sylaglandy.
Ýaş himiýaçylaryň arasynda bolan bu gözden geçiriliş «Çözgüdi bilelikde taparys» diýen şygar astynda geçirildi. Guramaçylaryň pikiriçe, onda howanyň üýtgemegi, energiýa krizisi we daşky gurşaw bilen baglanyşykly juda möhüm meseleleriň çözgüdine geljekki himiýaçy nesillere gözükdiriş bar.
Himiýa boýunça halkara olimpiadanyň öz taryhyny 1968-nji ýyldan alyp gaýdýandygy bilen sözümiziň üstüni ýetirýäris. Himiýa boýunça 56-njy Halkara olimpiadanyň geljek ýylyň iýul aýynda Saud Arabystanyda geçirilmegi meýilleşdirilýär.