Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we ony ýerinde bellemek bilen baglanyşykly meselelere seretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we ony ýerinde bellemek meseleleri boýunça bilelikdäki Türkmen-özbek hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
Döwlet serhediniň meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek Hökümetara toparynyň Türkmen bölegi tassyklanyldy
7318