Ï Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy we şu ministrlik hakynda Düzgünnama tassyklanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy we şu ministrlik hakynda Düzgünnama tassyklanyldy

view-icon 6653

«Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda çykaran 240-njy Permanyny ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy, şeýle hem bu ministrlik hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

Oba hojalyk ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.