Ï Täze okuw ýylyna taýýarlyk we täze binalar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze okuw ýylyna taýýarlyk we täze binalar

view-icon 6266
Täze okuw ýylyna taýýarlyk we täze binalar

Lebap welaýatynda umumybilim berýän orta mekdepleriň 388 sanysy bolup, olarda mugallymlaryň 19 müňe golaýy zähmet çekýär. Tamamlanan okuw ýylynda umumybilim berýän orta mekdeplerde okuwçylaryň 323 müň 940-dan gowragy bilim we terbiýe aldylar. Şeýle hem welaýat boýunça aýratyn derslere ýöriteleşdirilen mekdepleriň 37-si hereket edýär. Bu mekdeplerde ýöriteleşdirilen dersler boýunça sapaklaryň çuňlaşdyrylan görnüşde okadylmagy, mekdeplere tejribeli bilim işgärleriniň işe çekilmegi we zehinli çagalaryň seçilip alynmagy özüniň oňyn netijelerini berýär. Munuň şeýledigini bu mekdeplerde bilim alýan çagalaryň ýurdumyz boýunça we halkara derejesinde geçirilýän dürli olimpiadalarda, ylmy-döredijilik, taslama we ders bäsleşiklerinde gazanýan guwandyryjy netijeleri şaýatlyk edýär.

Gündogar sebitde täze okuw ýylyna guramaçylykly girişmek boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Welaýatda hereket edýän orta mekdepleriň, şeýle hem mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ählisinde awgust aýynyň başyna çenli ýeňil abatlaýyş–bejeriş işleri doly tamamlanyp, täze 2023 – 2024-nji okuw ýylyna taýýar edildi.

Türkmenistanyň döwlet umumybilim edaralarynyň esasy okuw meýilnamasyna okuwçylar orta bilim bilen bir hatarda başlangyç hünär bilimini bermek maksady bilen hünär ugurly okuwlaryň girizilmegi täze okuw ýylynyň aýratynlygydyr. 2023-2024-nji okuw ýylyndan başlap, 11-12-nji synp okuwçylary hepdede 2 sagat, iki okuw ýylynyň dowamynda jemi 136 sagat möçberde hünär öwrediji dersleri okarlar. Welaýatda bu ugur boýunça hem taýýarlyk işleri guramaçylykly alnyp barylýar.

Ýeri gelende geçen okuw ýylynda welaýatyň umumybilim berýän orta mekdeplerini uçurymlaryň 19 müň 300-e golaýynyň tamamlandygyny, täze okuw ýylynda bolsa, welaýatyň çägindäki orta mekdepleriň 1-nji synplaryna çagalaryň 29 müň 320-ä golaýynyň gelmegine garaşylýandygyny aýtmak bolar.

Welaýatda täze okuw ýylynyň ilkinji gününde bilim edaralarynyň ençemesiniň täze binalarynyň açylyp, ulanylmaga berilmegine taýýarlanylmagy aýratyn buýsandyryjy ýagdaýdyr. Welaýatyň Dänew etrabynyň Seýdi şäherinde 500 orunlyk, Çärjew etrabynyň Zerger geňeşliginde 600, etrabyň Farap şäherinde 960 orunlyk, Saýat etrabynyň Sakar şäherinde 600, Halaç etrabynyň Esenmeňli geňeşliginde 500 orunlyk, Köýtendag etrabynyň Köýtendag şäherçesinde 790, Megejik hem-de Burguçy geňeşliklerinde degişlilikde 790 we 210 orunlyk ähli amatlyklary bolan, häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilen orta mekdepleriň binalarynyň 8 sanysynyň, Kerki etrabynyň Gowak geňeşliginde bolsa, 160 orunlyk döwrebap çagalar bagynyň binalarynyň gurluşyklary tamamlanyp, häzirki wagtda bu häzirkizaman bilim edaralaryny Bilimler we talyp ýaşlar gününde dabaraly ýagdaýda açmak boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Geçirilýän çäreler, alnyp barylýan işler, şol sanda täze bilim edaralary täze okuw ýylyna buýsanç bilen gadam basjak ýaş nesiller üçin ýatdan çykmajak baýramçylyga öwrüler.