Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «TÜRKSOÝ türk dünýäsiniň altyn köprüsidir» atly temasyndan düzme ýazmak bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşigiň maksady häzirki wagtda dünýäde türki halklaryň medeniýetini, urp-adatlaryny we däp-dessurlaryny gorap saklamak hem ösdürmekdir.
Emin agzalaryň garamagyna umumybilim berýän döwlet mekdepleriniň 13 – 15 ýaş aralygyndaky okuwçylarynyň düzmeleri tabşyryldy. Bäsleşige gatnaşanlar ýazmaça işlerinde ata-babalarynyň medeni mirasy barada öz pikirlerini beýan etdiler.
Bäsleşigiň netijesi boýunça her ýurtdan üç okuwçy baýrakly orunlara mynasyp boldy.
Türkmenistandan gatnaşan mekdep okuwçylaryň arasynda Akpamyk Maksadowa, Aýzada Gurbanmyradowa, Gülnur Annamyradowa dagy ýeňiji boldular.
Berlen tema boýunça iň oňat düzmeleriň ýygyndy görnüşinde çap edilmegine garaşylýar.
Şu ýyl Türkmenistanda TÜRKSOÝ-yň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň çäginde türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň geçirilendigini bellemelidiris.
Ýurdumyzyň paýtagtynda we sebitlerinde bu gurama bilen mundan beýläk-de işleşmäge gönükdirilen konsertler, baýramçylyk çäreleri we maslahatlar geçirildi.