Täze okuw ýylyndan başlap Ýaponiýanyň Sukuba uniwersiteti ýapon we daşary ýurtly talyplar üçin okuw sapaklaryna türkmen dili dersini girizer.
Sapaklar türkmen dilini, edebiýatyny, medeniýetini öwrenmek isleýän talyplar üçin ýola goýlar. Diňleýjiler üçin leksiýalary Sukuba uniwersitetiniň ylmy işgäri Masahiro Oku alyp barar.
Masahiro Oku türkmen dilini özleşdirmek isleýänlere kömek bermek maksady bilen, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Ýapon dili bölümini tamamlan Jennet Rozykulyýewa bilen bilelikde geçen aýda täze okuw gollanmasynyň taýýarlama işini tamamlady. “Türkmen gepleşik kitaby ýapon dilinde” atly bu neşir Ýaponiýada türkmen dilini ýaýmak taslamasynyň çäklerinde taýýarlandy.
Mälim bolşy ýaly, Ýaponiýanyň Sukuba uniwersiteti Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Şu ýylyň maý we iýun aýlarynda uniwersitetara hyzmatdaşlyk we ylmy alyş-çalyş şertlerinde Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdebiniň professory Toşinobu Usuýama we Masahiro Oku D.Azady adyndaky TMDDI-niň ýapon dili fakultetiniň talyplary üçin dürli mowzuklar, şol sanda ýapon we türkmen dillerini deňeşdirmek ýaly mowzukda-da ýörite leksiýalar okandyklaryny bellemek gerek. Sapaklar Nippon gaznasynyň Merkezi Aziýada we Ýaponiýada adam gorlaryny ösdürmek taslamasynyň (NipCA taslamasy) çäklerinde geçirildi.
Sukuba uniwersiteti Ýaponiýanyň adybir şäherinde ýerleşýär. Takmynan 130 ýyl töweregi taryhy bolan bu ýokary okuw mekdebi dokuz sany iň gowy milli uniwersitetleriň hataryna girmek bilen Ýaponiýanyň hökümeti tarapyndan “Top Global University Project” taslamasynyň çäklerinde iň gowularyň biri hökmünde ykrar edilendir. Uniwersitet ylmy gözlegleri geçirýär we düýpli ylymlar, tehnologiýalar, inženerçilik, matematika, lukmançylyk we dersara ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlaýar.