Ï Döwrebap mekdepleriň sany artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwrebap mekdepleriň sany artýar

view-icon 5618

Daşoguz şäherinde "Ajaýyp-gurluşyk" hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan 600 orunlyk umumy bilim berýän orta mekdep gurulýar. Ol täze gurulýan ýaşaýyş jaý toplumynda ýerleşip, jemi üç ýarym gektar meýdany eýeleýär.

Täze mekdebiň binasy dört bölekden ybarat bolup, häzirki wagtda olarda daşky we içki bezeg işleri, inženerçilik ulgamlary, çäkleriň gurluşygy we abadanlaşdyryş işleri dowam edýär.

Bu mekdep interaktiw synp tagtalary we öňdebaryjy kompýuter tehnologiýalary bilen doly üpjün edilendir. Ýokary hilli tehniki enjamlar mekdep okuwçylarynyň sazlaşykly we hemmetaraplaýyn bilim almaklaryny üpjün eder we olaryň döredijilik ukyplaryny doly açmaga ýardam berer.

Täze bina häzirki zaman mekdep mebelleri we enjamlary, görkezme okuw esbaplary, sport zaly, lingafon otaglary, naharhana, kitaphana, amaly sapaklar ýa-da synaglar geçirilip bilinjek barlaghanalar we beýleki zerur bilim hem-de kömekçi desgalary bilen ýeterlik derejede enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem mekdepde açyk görnüşli sport toplumy bolar.

Döwletimiz tarapyndan bilim pudagynyň maddy we tehniki binýadynyň yzygiderli artmagy netijesinde Daşoguz welaýatynyň umumy bilim berýän mekdeplerinde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem ýaşlara hemmetaraplaýyn we sazlaşykly bilim bermek üçin ähli mümkinçilikler bar.

Welaýatdaky häzirki zaman mekdepleriň sanynyň ilatyň ösüşine laýyklykda yzygiderli artýandygyny hem bellemek ýerlikli bolar.