Ï Türkmenistan syýahatçylygy we sergi işini ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan syýahatçylygy we sergi işini ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

view-icon 4481

«Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» hem-de «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» netijeli durmuşa geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň halkara syýahatçylyk ugruny, halkara sergi işini ösdürmekde abraýly halkara guramalar we dünýäniň bu ugurlarda ösen döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygy giňden ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Syýahatçylyk pudagynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» tassyklanyldy.

Türkmenistanyň degişli ministrliklerine hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna şu Maksatnamada we Konsepsiýada bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.