Ï Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli täze binalaryň açylyş dabaralary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli täze binalaryň açylyş dabaralary

view-icon 12410
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli täze binalaryň açylyş dabaralary

1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda täze, 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň ýaňlandy.

Asylly däbe görä, güýz paslynyň ilkinji güni Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül goýmak dabaralary bilen başlandy.

Bilimler we talyp ýaşlar gününde ähli orta we ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly nyzamlar geçirilip, olarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz ýaş nesillere bilimler hem-de uly açyşlar dünýäsine ak pata berdi.

Beýik watançylyk we ynsanperwerlik ruhuna beslenen ilkinji sapak Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna, döwletimiziň ýeten ähli üstünlikleridir sepgitleri bilen aýrylmaz baglanyşykly ýetip gelýän şanly senä — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyna bagyşlandy.

Ýaş nesli milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetimiziň we döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin binýatlaýyn esas hökmünde garalýan milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bilimiň we okatmagyň ýokary ösüş derejesi, ylmy-tehniki gazanylanlaryň ornaşdyrylmagy bilen şertlenen ýurdumyzyň özgertmeler ýoly bilen okgunly öňe barýan zamanasydyr. Soňky ýyllarda Türkmenistanda iň täze kompýuter tehnologiýalary we multimediýa ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap bilim edaralarynyň giň düzümi emele getirildi.

Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze binalaryň açylyş dabaralary boldy. Olara Mejlisiň deputatlary, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, şäherleriňdir obalaryň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Täze Arkadag şäheriniň gurluşygynda irki ýaşlardan başlap, ýaş nesli terbiýelemäge, olara bilim bermäge we sazlaşykly ösmegine degişli meselelere aýratyn üns berildi. Şu gün bu ýerde bilim edaralarynyň birnäçesiniň — ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň, üç mekdebiň we dokuz çagalar bagynyň açylyş dabaralary geçirildi.

Her biri 320 körpä niýetlenen çagalar bakja-baglarynda iň amatly şertler döredilipdir. Bu ýerde çagalaryň ýaşyna laýyklykda, iki gatly binalarda rahat mebeller, okuw gollanmalary we oýnawaçlar bilen üpjün edilen oňaýly topar otaglary ýerleşdirilendir. Saz, döredijilik, sport bilen meşgullanmak, daşary ýurt dillerini öwrenmek, zähmet endiklerini ele almak üçin hem giň mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr.

Degişlilikde, 320 we 720 orunlyk mekdebe çenli we mekdep bölümlerini özünde jemleýän 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumy bilim ulgamyndaky häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär.

Her biri 720 okuwça niýetlenen, iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 2-nji, 3-nji we 4-nji orta mekdeplerde okuw 1-nji synpdan 12-nji synpa çenli dowam eder. 11-12-nji synplarda okuwçylar saýlap alan takyk, tebigy we durmuş-ynsanperwerlik bilim ugurlary boýunça okadylar. Internet ulgamyna birikdirilen mekdeplerde ylmy-barlag we döredijilik işini alyp barmak, şeýle hem okuwçylaryň zähmet derslerini özleşdirmekleri üçin ähli şertler döredilipdir.

Şeýle hem şu gün Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi hem-de Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi gapylaryny giňden açdy. Bu mekdepleriň açylmagy medeniýeti we sungaty ösdürmek boýunça Türkmenistanda alnyp barylýan giň gerimli işleriň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli bilim syýasaty netijesinde, Türkmenistanda halkymyzyň şöhratly taryhyny, özboluşly däplerini we baý ruhy mirasyny täzeden dikeltmek hem-de düýpli öwrenmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Watanymyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni ösüşine dürli döwürlerde uly şahsy goşandyny goşan ildeşlerimize hormat-sarpa goýlup, olar baradaky hakydany ebedileşdirmek barada alada edilýär. Ine, ajaýyp şahsyýetleriň, Türkmenistanyň meşhur aýdymçy-sazandalarynyň — zähmet we durmuş ýoly ýaşlar üçin nusgalyk görelde bolup hyzmat edýän Sahy Jepbarowyň hem-de Şükür bagşynyň atlary sungat mekdeplerine dakyldy.

240 orunlyk Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebinde 50-den gowrak okuw otagy, saz gurallaryny, konsert lybaslaryny saklamak üçin otaglar, informatika we sanly ulgam boýunça dersleri okatmak üçin enjamlaşdyrylan ýörite okuw otaglary, horeografiýa sungaty hünäri boýunça enjamlaşdyrylan okuw otaglary, tans zallary, 250 orunlyk mejlisler we konsert zaly, ses ýazmak üçin niýetlenen enjamlaşdyrylan okuw, iş otaglary, sport zaly, türgenleşikler üçin zal meýdança hem-de beýleki desgalar bar. Şeýle hem saz gurallaryny bejermek, rejelemek, düzmek we dikeltmek üçin niýetlenen, döwrebap enjamlaşdyrylan ýörite ussahana hereket edýär.

Mekdep türkmen milli saz gurallary, halk saz gurallary, kirişli, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary, aýdym aýtmak sungaty, bagşyçylyk sungaty, fortepiano, saz öwretmek, hor dirižýorlygy, sazyň taryhy we nazaryýeti, horeografiýa sungaty, estrada sungaty, nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, dizaýn ýaly ugurlar boýunça çagalaryň hünär taýýarlygyny üpjün edýär.

Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi hem 240 okuwça niýetlenendir. Bu mekdepde bellenilen düzgünlere hem-de tassyklanylan okuw meýilnamalaryna laýyklykda, saz gurallarynyň dürli görnüşlerini çalmak, aýdym aýtmak, tans sungaty, teatr, şekillendiriş, halk we amaly-haşam sungaty boýunça zehinli çagalar kabul edilýär.

Täze binada okuw-terbiýeçilik işlerini we medeni çäreleri ýokary derejede guramak üçin ähli şertler döredildi. Häzirki zaman enjamlary, öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de okuw gollanmalary bilen üpjün edilen okuw we iş otaglary ýaşlaryň ygtyýaryndadyr.

Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5000 orunlyk täze binalar toplumynyň we Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçýän şu ýylyň möhüm wakalarynyň hatarynda mynasyp orun alar. Bu desgalaryň gurluşygy, hormatly Prezidentimiziň Kararlaryna laýyklykda, milli bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň çäklerinde amala aşyrylýar. Mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumy 25,8 gektar çägi eýelär. Taslamada edara we okuw binalaryny, 2000 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýlaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Giň okuw otaglary bilen bir hatarda, bu ýerde okuw barlaghanalary, kitaphana, naharhana, sport bilen meşgullanmak üçin sport zaly we açyk meýdança göz öňünde tutulandyr.

Mary şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň çäginde 2000 orunlyk goşmaça okuw binasy, 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy, ýapyk görnüşli sport desgasy we aýlawly ýolda monument gurlar.

Uly baýramçylyk dabarasy ýurdumyzyň sebitlerinde täze umumybilim berýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň birnäçesiniň açylmagy bilen utgaşdy.

Bilimler we talyp ýaşlar gününde Ahal welaýatynyň mekdep okuwçylary täze okuw binalaryna eýe boldular. Bäherden etrabynyň Akdepe obasynda 960 orunlyk, Sarahs etrabynyň Kiçi aga geňeşliginiň Berkarar obasynda 600 orunlyk orta mekdepler açyldy. Kaka etrabynda birbada 3 mekdep — Gowşut obasynda 400 orunlyk, Şükür bagşy obasynda 600 orunlyk we Garahan obasynda 400 orunlyk mekdepler çagalara gapylaryny giňden açdy. Kaka etrabynyň Şükür bagşy obasynyň we Tejen etrabynyň Tejen şäheriniň körpeleri her biri 320 orunlyk çagalar baglaryny sowgat aldylar.

Täze mekdepleriň açylyş dabaralary şu gün Balkan welaýatynda hem geçirildi. Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynyň okuwçylary 320 orunlyk täze okuw binasynda döwrebap bilim alarlar.

Güýzüň ilkinji gününi Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary hem täze orta mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ulanmaga berilmegine bagyşlanan dabaralar bilen garşyladylar. Saýat etrabynyň Sakar şäherinde 600 orunlyk, Çärjew etrabynyň Farap şäherinde 960 orunlyk, şu etrabyň Zerger geňeşliginiň Gyzylýap obasynda 600 orunlyk, Dänew etrabynyň Seýdi şäherinde 500 orunlyk, Halaç etrabynyň Esenmeňli geňeşliginiň Akýap obasynda 500 orunlyk, Köýtendag şäherinde we Köýtendag etrabynyň Megejik geňeşliginiň adybir obasynda her biri 790 orunlyk, şu etrabyň Burguçy geňeşliginiň Daýhan obasynda 210 orunlyk mekdepler açyldy. Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Gowak geňeşliginiň adybir obasynyň ýaşaýjylary hem şanly wakanyň şaýatlary boldular. Bu ýerde 160 orunlyk ajaýyp çagalar bagynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Mary welaýatynda hem mekdepleriň açylyşlary uly baýramçylyga beslendi. Sakarçäge etrabynyň Gyzylgum geňeşliginiň Böri obasynda 900 orunlyk, Ýolöten etrabynyň Agzybirlik geňeşliginiň Söýünalybeden obasynda 960 orunlyk mekdepler açyldy. Mary şäheriniň çagalary Gökje ýaşaýyş jaý toplumynda 320 orunlyk çagalar bagynyň täze binasynyň açylyşyny baýram etdiler.

Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzda geçirilen dabaraly çäreler ýaş nesiller, olaryň bilim almagy, terbiýelenmegi we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda döwletimiziň ägirt uly ünsüniň nobatdaky güwäsidir. Orta bilim berýän täze mekdeplerde amatly mebeller, döwrebap okuw enjamlary bilen üpjün edilen ýagty okuw otaglary mugallymlaryň we çagalaryň ygtyýaryna berildi. Ýöriteleşdirilen okuw otaglarynda gurnalan multimediýa we interaktiw enjamlary biologiýa, fizika, himiýa, geografiýa we beýleki dersleri has içgin we gyzyklanma bilen öwrenmäge ýardam berer. Mekdeplerde okuwçylaryň döredijilik ukyplaryny we zehinlerini açmak üçin hem ähli şertler göz öňünde tutuldy. Bu ýerde aýdym-saz otaglary, sport we medeni çäreler üçin zallar, zähmet dersini özleşdirmek üçin otaglar, okuw gollanmalary hem-de çeper eserleri özünde jemleýän kitaphanalar bar.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň döwrebap binalarynda körpeleriň sazlaşykly terbiýelenmegi, aň-paýhas taýdan hemmetaraplaýyn ösmegi hem-de göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertler döredildi. Dürli ýaşdaky toparlar üçin amatly we owadan mebelleri bolan oýun, ýatakhana, synp otaglary, şol sanda mekdebe çenli bilim üçin döwrebap ulgamlar üpjün edilen lingafon hem-de kompýuter otaglary göz öňünde tutuldy.

Şu günüň binagärlik desgalarynyň açylyş dabaralary ýokary döredijilik galkynyşyny alamatlandyrýan aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşyp, ählihalk baýramyna öwrüldi. Dabaralara gatnaşyjylar ösüp gelýän ýaş nesil barada edýän aladalary üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi we halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda durmuşa geçirýän köpugurly işinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.