Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okuw-usulyýet maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» kitabynyň watançylyk, bilim we terbiýeçilik ähmiýetine bagyşlanyldy.
Çärä Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri, şol sanda bilim ulgamynyň at gazanan işgärleri, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň, Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, usulyýetçiler, welaýatyň bilim we usulyýet birleşikleriniň bölümleriniň ylmy işgärleri, şeýle hem mugallymçylyk ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň ýolbaşçysy Meret Weliýew okuw maslahatyna gatnaşyjylara gutlag sözi bilen çykyş etdi. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektory Gurbangeldi Muhammedow myhmanlara giriş sözi bilen ýüzlendi.
Okuw maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bilim işgärleriniň bilim derejelerini ýokarlandyrmak bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory Sapargeldi Durdyýew çykyş edip, «Hakyda göwheri» kitabynyň mazmuny barada giňişleýin gürrüň berdi.
Kitabyň türkmen halkynyň baý taryhyny, milli aýratynlyklaryny hem-de ruhy gymmatlyklaryny giňden açyp görkezýändigi bellenildi. Onda türkmenleriň belent ahlak häsiýetleri, parasatlylygy, birek-birege hormat goýmagy, agzybirligi we parahatçylyga ygrarlylygy baradaky parasatly pikirler beýan edilýär. Kitapda ömri we döredijiligi ýaşlar üçin nusga bolup hyzmat edýän Magtymguly Pyragy, Zelili, Seýitnazar Seýdi ýaly ajaýyp şahsyýetleriň pikirlerine aýratyn üns berlipdir.
Okuw maslahatynyň çäklerinde kitabyň terbiýeçilik maksatlary we okatmagyň usulyýetinde olaryň ulanylyşy barada giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, «Hakyda göwheri» atly kitapda watançylyk, Watanyň mukaddesligi, dünýäň ýurtlary bilen dostlugyň, parahatçylyk söýüjiligiň we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýetini beýan edýän taryhy wakalara degişli meselelere aýratyn üns berilýär. Kitapda milli mirasyň geljekki nesillere ýetirilmegine degişli meseleleriň wajypdygy nygtalýar.
At gazanan bilim işgäri Nurnazar Jumanazarowyň çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň kitabynyň türkmen halkynyň birek-birege kömek bermek, myhmansöýerlik, agzybirlik, deňlik we adalatlylyk ýaly ynsanperwer däpleri nygtaýandygy bellenilýär. «Hakyda göwheri» ol diňe bir geçmişiň beýany bolman, eýsem, häzirki zaman jemgyýetinde sazlaşykly pikir düşünjeli şahsyýetleri terbiýelemek üçin mynasyp gözükdirmedir. Munuň özi, ýaş nesillere Watana we halka söýgüsini ýürekden bildirmäge, ruhy taýdan baý bolmaga we geljege ynamly garamaga kömek edýän jemgyýeti gurmakda ýardam eder.
Okuw maslahatynyň netijelerini jemläp, oňa gatnaşyjylaryň arasynda gyzykly we özüne çekiji sowal-jogaplar alşyldy. Ol «Hakyda göwheri» kitabynyň mazmunyna, maksatlaryna we wezipelerine bagyşlandy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlaryň bilim almagy, mynasyp ýaşlary terbiýelemek, ýurduň hakyky watançylaryny ösdürmek ugrunda hemme zerur şertleri gönükdirip, alyp barýan yzygiderli aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Institutyň taryhy muzeýine baryp görmek duşuşygyň jemleýji bölegine öwrüldi. Bu ýerde taryh kafedrasynyň müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty Jepbar Hatamow çärä gatnaşyjylar üçin mazmunly tanyşdyryş gezelenjini geçirdi.