Türkmenistanyň wekiliýeti Türküstan şäherinde (Gazagystan Respublikasy) 2023-nji ýylyň 20—23-nji sentýabry aralygynda geçiriljek Türki dünýäniň matematikaçylarynyň VII Bütindünýä gurultaýyna gatnaşar.
Türkmen professorlary türki dünýäsini öz ylmy gözlegleri bilen tanyşdyrarlar.
Gurultaý Gazagystanyň Ylym we ýokary bilim ministrligi hem Hoja Ahmet Ýasawy (HGTU) adyndaky Halkara gazak-türk uniwersiteti bilen bilelikde Türki dünýäniň matematika jemgyýeti (Turkic World Mathematical Society) tarapyndan guraldy.
Çäräniň maksady alymlaryň halkara gatnaşyklaryny we ylmy hyzmatdaşlygyny giňeltmek, matematika ylmynyň ösmegine we matematikanyň, maglumat tehnologiýasynyň gazananlaryny ylmy gözleglerde, tehnikada, şeýle hem bilim pudagynda ulanylyşyny ösdürmäge ýardam etmekdir.
Türki dünýäniň matematika jemgyýetiniň halkara gurultaýy üç ýylda bir gezek geçirilýär. Gurultaýyň jemi 10 ugry bar, olara algebra, matematiki logika we geometriýa; matematika we kompýuter arkaly modelirleme, hasaplama we maglumat tehnologiýalary, matematikany okatmagyň usullary we matematikanyň taryhy girýär.