Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýapon dilini öwretmek üçin okuw otaglaryny ulanmaga tabşyrmak dabarasy geçirildi.
Ýaponiýanyň Hökümetiniň «Ot kökleri – medeniýet pudagynda mugt grant kömegi» taslamasynyň çäklerinde bu çäre Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýamamoto Hiroýukiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory Maral Kulyýewanyň, ýapon dili boýunça uly hünärmen Ito Hiroşiniň we onuň kömekçisi Kasu Naruhitonyň, şeýle hem ýapon dilini öwretmek boýunça beýleki hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirildi.
Okuw otaglary häzirki zaman enjamlary, hususan-da sinhron terjime etmek üçin kabinet we programma üpjünçiligi bolan kompýuterler, printerler we Günüň dogýan ýurdunyň dilini öwretmek üçin hünärmenleri taýýarlamak babatda beýleki zerur enjamlar bilen doly üpjün edildi.
Ýaponiýanyň ilçisiniň öz çykyşynda belleýşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň bilim edaralarynda 13 360 töweregi adam ýapon dilini öwrenýär. 2015-nji ýylda olaryň sany, takmynan, 500 adamdy. Bu ýapon dilini öwrenýänleriň dünýäde iň ýokary ösüş depginlerinden biridir.
Medeniýet ulgamynda grant maksatnamasy dürli ýurtlarda medeniýetiň we bilimiň ösmegine hem-de Ýaponiýa bilen bu ýurtlaryň arasynda medeni alyş-çalyşlara goldaw bermäge, şeýle hem dostlukly gatnaşyklary we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga gönükdirilendir.