Ï Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 4421
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow “The Nippon Foundation” gaznasynyň başlygy Ýohei Sasakawa bilen duşuşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşykda taraplar ylym we bilim pudagynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Ilçi Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde halkara tejribäniň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berýändigini hem-de Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ylym-bilim babatda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolup durýandygyny belledi.

Türkmen ýaşlarynyň Ýaponiýada bilim almaklary, ýurdumyzyň birnäçe orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýapon diliniň öwredilmegi, şeýle hem ylym-bilim wekilleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk muňa mysal bolup durýar.